Şöhratly geçmişimiziň guwanjy

1 Maý 2024
366

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň okyjylara gowşan täze — “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratly geçmişine guwanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, döwet galamyndan çykýan kitaplary halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň has-da baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolup, il-günümizde uly gyzyklanma döredýär.

Döwlet Baştutanymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynda türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň biri dogrusynda söhbet açylýar. Täze kitapda ak bugdaýyň mekany hökmünde ykrar edilen Änew medeniýetiniň şan-şöhraty dogrusynda okyja ýetirilýän gymmatly maglumatlar uly gyzyklanma döredýär. Dogrusy, bu kitapda geçmişi şan-şöhrata beslenip, şu güni abadan, geljegi bagtyýar türkmen topragyna buýsanç duýgusy çeper beýan edilýär. “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýilýän jümleden ugur alnyp, ýurdumyzda taryhy-medeni mirasymyzy goramakda uly işleriň bitirilýändigi barada-da buýsanç bilen beýan edilýär.

Beýleki habarlar