Mähriban ýurdumyz — baky söýgimiz!

1 Maý 2024
314

Watan — dünýä inen mukaddes topragymyz. Bu toprakda seniň ene-ataň, doganlaryň, ilkinji ädimleriň, okamagy we ýazmagy öwrenen mekdebiň, dogan-garyndaşlaryň, dostlaryň we goňşularyň bar. Ähli mukaddeslikleri özünde jemleýän şu Watan, şu toprak ýüregiňde watançylyk duýgusyny kemala getirýär. Watançylyk duýgusy — bu seniň öz Watanyň geljegi üçin duýýan jogapkärçiligiň. Watançylyk duýgusy — kalbyňy ganatlandyryp, saňa ähli kynçylyklardan üstün çykmaga kömek edýär. Watan söýgüsi — bizi jebisleşdirýär. Netijede, biziň hemmämiz ýakynlarymyzyň bagtyny isleýäris. Öýümizde asudalygyň, saçaklarymyzda çöregiň bolmagyny isleýäris. Diýmek, biziň maksadymyz bir. Biziň ählimiz halkymyzy jebisleşdirýän Watana gulluk edýäris. Biziň hemmämiz — watandaşlar.

Hormatly Watan goragçysy!

Sahy NEPESOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar