Atam şeý diýerdi... (edebi gürrüň)

30 Aprel 2024
420

Tebigat müňlerçe ajaýyp baýlyklary hut bize — adamlara bagyş edipdir. Dünýäniň gurluşy diýseň owadan. Ol akyl ýetirerden hem täsin. Her säher nurly Günüň parlap dogmagy, baharda gülleriň burk urmasy, iň esasan hem şu ajaýyp pursatlary adamlaryň lezzet bilen synlamagy bagt. Tebigatyň ynsana eçilen baýlyklary sanardan kän. Adamyň dünýä inmeginden başlap, güljagazlardyr otjagazlaryň gögerip çykyşy, kindiwanja ýumurtgajyklardan jüýjeleriň çykyp, az salymdan soň ganat gerip, uçmak bilen asmany bezemegi nähili ajaýyp gudrat.

Atam şeý diýerdi: «Tebigy gözellikler gudratdyr. Olaryň göze görünýäni hem bardyr, görünmeýäni hem bardyr. Her paslyň hem öz gözelligi, lezzeti, rysgy bolýar. Edil şonuň ýaly her adamyň hem öz kysmaty, rysgaly we ýazgydy bolýandyr». Atam ýene-de: «Ýykylýaňmy synag bil, galýaňmy, sylag bil!» diýip, adamyň durmuşda ýykylyp, galmak bilen taplanýandygyny ýatladardy. Bu dogrudan hem şeýle. Ýaşaýyşda ýykylyp, galmaýan, göreşip taplanmaýan adam ýok bolsa gerek. Men mydama atamdan eşidenlerim hakynda oýlanmagy gowy görýärin. Olary unudasym gelmeýänligi üçin köp ýatlaýaryn. Ol hemişe: «Durmuş synamak bilen mertleri kemala getirýär. Arkaňa atylan durmuş ýüküni çekip bilmek, şol bir wagtyň özünde-de mätäçlere ýardam etmek mertlikden nyşan hem-de beýik adamkärçilikden alamatdyr. Her hili ýagdaý bolsa-da, adamkärçilik diýilýän zady ýitirmeli däldir!» diýip sargyt ederdi.

Akpamyk ÇARYÝEWA,
Sarahs etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar