Döwrebap ösüşleriň ýolunda

30 Aprel 2024
622

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrümiz özgerýär, döwletimiz ösýär. Bu gün dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan, sebitde halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň gümrük edaralarynda döwrebap işler alnyp barylýar. Döwlet gümrük gullugynyň kanunçylyk we maddy-tehniki binýady pugtalandyrylyp, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygynyň derejesi ýokarlanýar.

Häzirki döwürde gümrük edaralarynyň täze edara binalaryny gurmak, gümrük nokatlaryny ylmyň iň soňky gazanan tehniki serişdeleri bilen üpjün etmek, gümrük işini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny işläp taýýarlamak we ony gümrük edaralarynyň işine ornaşdyrmak Döwlet gümrük gullugynyň amala aşyrýan işleriniň esasylary bolup durýar.

Pirmämmet JUMAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar