Dumly-duşdan dürli-dümen

1 Maý 2024
357

Balyklaryň ýörişi

Maý aýynyň ahyrlary, iýul aýy aralygynda Günorta Afrikanyň suw bilen galtaşýan kenarlary göçüp barýan sardina balyklarynyň millionlarçasyndan pürepür dolýar. Oňa «sardinalaryň uly göçüşi ýa-da ýörişi» diýilýär. Bu balyklaryň 7 kilometre uzaýan, ini 1,5 kilometr, çuňlugy 30 metr bolan örän uly topary günortadan demirgazyga akymyň ugry bilen ýyly suwlara tarap ýöriş edýär. Şonda topar-topar bolup barýan balyklar täsin tebigy görnüşi emele getirýärler. Sardinalar duşmandan goranmak üçin diametri 10-20 metr bolan ýumak görnüşinde toplanyp, ýollaryny dowam etdirýärler. Olar Hindi ummanynyň ýyly suwlarynda tohum taşlaýarlar. Sardinalar ýyrtyjy suw jandarlarynyň, guşlaryň iýmiti bolýarlar. Balyklaryň müňlerçe kilometrlik suwasty göçüşine kenardan hem syn etmek bolýar.

Beýleki habarlar