"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Oňyn netijeler bilen aýdyň geljege

Geçen hepdäniň şenbe güni milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Olarda hormatly Prezidentimiziň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzda şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň bolup, bu görkeziji senagat pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2 göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy. Diýarymyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň maý aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, toplumlarda geçirilen maslahatlarda gazanylan netijeleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň anyk ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hil — esasy görkeziji

Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasynyň işçi-hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dört aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemlediler. Kärhanada ýanwar — aprel aýlarynda 18 million 564 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 129,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Kärhanada ornaşdyrylan häzirki zaman tehnologiýalaryna, döwrebap enjamlara ussatlyk bilen erk edýän işçi-hünärmenler ýylyň başyndan bäri ýörite buýurmalar esasynda müňlerçe jübüt aýakgaby öndürmegiň hötdesinden geldiler. Önümçilik işinde ulanylýan çig malyň ekologik taýdan arassa bolmagy önümiň hil görkezijilerine oňyn täsirini ýetirip, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar. Kärhanada şu günler degişli ministrlikleriň buýurmalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, iş depgini barha ýokarlanýar.

Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri

Golaýda paýtagtymyzdaky Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyp ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-sy gatnaşdy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, talyp ýigitler birinji şertde özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny aýdym-saz, şowhunly tanslar, çeper okaýyşlar bilen tarypladylar. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenip, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanyp hem-de bildirilýän belent ynama jogap edip, zehinli ýaşlarymyz bilimlere teşnelik bilen çemeleşýärler we saýlap alan hünärlerini, häzirki zaman tehnologiýalaryny yhlasly öwrenýärler. Olar jemgyýetçilik çärelerine-de işjeň gatnaşýarlar. Bagtyýar talyp ýigitleriň çykyşlarynda bu ähli aýdyňlygy bilen şöhlelendi. Ýaşlar öz hünärlerine bolan buýsanjyny ýörite taýýarlanan wideorolik arkaly hem wasp etdiler.

Türkmen radiosynyň ussat diktory

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Özü­niň dö­re­di­ji­lik zäh­me­ti bi­len türk­men ra­dio­sy­nyň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran Ogul­ja­han Mä­mi­ko­wa 1929-njy ýy­lyň 26-njy few­ra­lyn­da Bä­her­den et­ra­by­nyň ozal­ky Ke­le­te oba­syn­da dün­ýä in­ýär. Ýo­ka­ry bi­li­mi 1946 — 1950-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Daş­ken­diň Hu­kuk ins­ti­tu­ty­nyň Aş­ga­bat­da­ky bö­lü­min­de al­ýar we 1950-nji ýyl­da Türk­men ra­dio­syn­da alyp­ba­ry­jy bo­lup işe baş­la­ýar. Ol özü­niň yh­las­ly zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­de hü­nä­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­li eýe­si bo­lup ýe­tiş­ýär hem-de türk­men ra­dio­sy­nyň il­kin­ji ha­ly­pa dik­tor­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Ýig­ri­min­ji asy­ryň el­lin­ji ýyl­la­ryn­da us­sat dik­tor Ogul­ja­han Mä­mi­ko­wa türk­men ra­dio­syn­da 3 sa­ny ha­ly­pa dik­tor­lar bi­len bi­le­lik­de zäh­met çek­di. Olar Gel­di Döw­le­tow, Baý­ram Gel­di­my­ra­dow, Wa­len­ti­na An­ti­po­wa da­gy­lar­dyr.

Dün­ýä­niň iň uzyn aw­to­ulagy

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Dün­ýä tä­sin­lik­le­re we ösüş­le­re baý. Çeş­me­le­re ýüz­le­ne­niň­de, «dün­ýä­de iň uly, iň be­ýik, iň uzyn» di­ýen ýa­ly de­re­je­le­re eýe bo­lan te­bi­gy we yn­san eli bi­len dö­re­di­len tä­sin­lik­le­re duş gel­mek müm­kin.

Fut­bol klu­by oý­nuň ha­ty­ra­sy­na iki gün­läp har­by gä­mi­de ýüz­di

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Iki gün­läp har­by gä­mi­de — Ýu­waş um­ma­nyň goý­nun­da tür­gen­le­şik, Şeý­le-de, Çi­li­dä­ki Ku­bok wag­tyn­da­ky baş­dan ge­çir­me­ler

Umumadamzat şahyrynyň hormatyna

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglanyşykly dabaralar halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar. Ýakynda bize söz ussadynyň ýubileýine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde saparda bolmak miýesser etdi. Rus topragynda türkmen wekiliýeti ýokary myhmansöýerlik bilen garşylandy. Medeni we bilim maksatly guralan çäreler bolsa baý mazmuny bilen tapawutlandy. Sapar türkmen-rus wekiliýetleriniň uly toparynyň gatnaşmagynda W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň garşysyndaky seýilgähde oturdylan Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýup, beýik akyldaryň ruhuna tagzym etmekden başlandy. Dabaraly çäreleriň dowamynda Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdebe baryldy. Bu mekdepde Magtymguly Pyragy muzeýi döredilipdir. Muzeýde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleri, halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan medeniýetini aýdyň açyp görkezýän milli egin-eşikler, hojalyk esbaplary, şeýle hem akyldar şahyrymyzyň suratlary we onuň döredijiliginden söz açýan eserler ýerleşdirilipdir. Mekdebiň muzeýine türkmen wekiliýetiniň gymmat bahaly eksponatlary hem gowşuryldy. Ata Watanymyzdan eltilen gymmatlyklar dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Baýramçylyk dabarasynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny açyp görk

Kitap — paýhaslar ummany

Çuň mazmunly kitaplar ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Şöhratly taryhymyzdan orun alan 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi hem türkmen ýaşlary üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu kitapda ýaşlar hakynda buýsandyryjy sözleriň, olaryň gazanan üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň giňişleýin beýan edilmegi biz — ýaşlary täze zähmet üstünliklerine, beýik maksatlara ruhlandyrýar. Kitabyň «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy» atly bölüminiň Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanmagy bizi diýseň buýsandyrdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda alyp barýan işleri, ýylyň-ýylyna geçirýän bäsleşikleri kitapda öz mynasyp beýanyny tapýar.

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

OÝALY-UKULY OÝLARYŇ NETIJESI Elimde ruçkam, öňümde depder. Ýöne näme ýazjagymy bilemok. Ýazasym gelýär. Dogrusy, hut şunuň üçin ir oýanýan. Emma bolanok. Kelebiň ujuny tapamok. Ýazyş düwmesiniň nämedigini saýgaramok. Munuň üçin bary-ýogy ýekeje düwmäni basmagyň gerekdigini bilýän. Ýöne onuň nähili we haýsy düwmedigine akylym ýetenok. Çünki onuň göze görünmeýän düwme bolmagy-da ähtimal. Sermenip tapmalydyr, belki?! Elim ruçkaly sermenibersemmikäm?! Onuň galdyran yzy, heý, many aňladarmyka?! Şeýle usulda sermenip başladygymmyka ýa şu?! Bolup biler. Ýöne soň munuň içindenem many agtaryp sermenip ýörmeli bolsa, ine, şol çetin... Her näme-de bolsa, beýle pursatlary boş geçirmejek bolmaly. Ymykly uka gideniňden soň muňa-da ýagdaý bolmajagy hak. Ömür — puryja. Şu sähelçe mütdetlik puryjany dogry ulanmak gerek. Gysyr pikirlere maýyl bolup oturmakdan peýda ýok. Olary dömer ýaly, miwe berer ýaly hala ýetirmeli. Aslynda, şo-da kelebiň ujy bolmaly. Pikirleriň böwrüni deşmek gerek ruçkanyň ýiti ujy bilen. Goý, pagşyldap gaýtsyn ol depderiň ýüzüne. Bulam-bujaram bolsa, goý, dökülsin. Soňra ondan nämedir bir degerli zat tapmak hökman başardar. Şeýle etmeseň welin, bolup biläýjek pikir däneleri hem çüýräp gider. Gysyrlykdan beter pak bolar, palak bolar. Ýumurtganyň uzak wagt dursa, palak bolup, porsaýşy ýaly. Emma ony kürk towugyň aşagyna goýsaň welin, jüýje çykar jüýbüldäp... Şu setirl

Abadançylygyň ak ýoly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Giň gerimli hem-de uzak möhletleýin milli maksatnamalar ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilýär. Eziz Watanymyzda demir, awtomobil we howa ýollary ulgamlarynyň toplumlaýyn esasda ösdürilmegi, olaryň halkara derejedäki möhüm ýollara birikmegi we netijeli ulanylmagy babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Döwrebap awtobanyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygyna hem şu ýylyň başynda badalga berildi.

Toýlar toýa ulaşýar

Halkymyz hemişe iň gowy arzuwlarynyň birini «Toýdan ýetirsin!» diýen jümlede jemleýär. Çünki ynsanlaryň kalbyna ýakymly ýol salýan iň gowy arzuwlara ýugrulan ýagşy niýet bilen amala aşyrylýan işler halkymyzyň ykbalyna bagtyň nuruny çaýýar. Gelýän ýyllar taryha siňýän ýyllaň üstüni many-mazmunly täze sepgitler we günler bilen ýetirýär. Ýyllar ady bilen owadan gelýär, Ýollar bady bilen owadan gelýär...

Ylmy-amaly maslahat Magtymguly Pyragy — türkmen halkynyň ruhy dünýäsi

Ýakynda welaýatymyzyň gözelligine-gözellik goşýan “Bagt köşgi” toý mekanynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň guramagynda “Magtymguly Pyragy — türkmen halkynyň ruhy dünýäsi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ylymda at gazanan işgärleri we ýokarda ady agzalan mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Täzelikler

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri iş maksatnamasyna laýyklykda Köýtendag etrabynda bolup, jemgyýetiň agzalary bilen duşuşdylar. Duşuşyga jemgyýete agza bolup durýan edara-kärhanalaryň işgärleri we tebigaty söýüjiler gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler döwrümiziň möhüm meselesi bolan ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak hakynda durup geçdiler. Köýtendagyň çäklerinde hereket edýän senagat kärhanalarynyň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagy esasy talaplaryň biridir. Kärhanalarda howanyň, topragyň önümçilik galyndylary bilen hapalanmagyň öňüni alýan enjamlaryň oturdylmagynyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýanlygy duşuşykda edilen çykyşlarda giňden bellenildi.

Türkmeniň paýhasy sensiň, Pyragy!

Ýakynda etrap medeniýet öýünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet bölüminiň, etrap merkezi kitaphanasynyň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Türkmeniň paýhasy sensiň, Pyragy!” atly aýdym-sazly duşuşyk çäresi geçirildi. Oňa bilim, medeniýet işgärleri, kitaphanaçylar, TKA-nyň etrap birleşmesiniň wekilleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar. Duşuşykda etrap bilim bölüminiň hünärmeni Annamyrat Hotjyýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammetorazow, etrapdaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy, şahyr Aýnäzik Esenowa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Läle Zakirowa, etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, şahyr Gazanyýaz Hümmedow, etrapdaky 41-nji orta mekdebiň mugallymy Aýjemal Babagulyýewa çykyş etdiler. Olar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine salgylanyp, beýik ussadyň her bir setirleriniň many-mazmuna baýdygy, nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Wagyz-nesihat çäreleri

Ýaşlaryň üstünligi — geljege ynam Ýolöten etrap häkimliginiň, etrabyň prokuraturasynyň, etrabyň polisiýa bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Ýaşlaryň üstünligi — geljege ynam” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrapdaky 2-nji orta mekdebinde geçen wagyz-nesihat çäresine etrabyň 12-nji, 29-njy, 43-nji, 45-nji mekdepleriniň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Mertler baky ýaşaýar

Welaýat çagalar kitaphanasynyň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Mertler kalplarda baky ýaşaýar» atly edebiýat agşamy geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki 39-njy çagalar bakja-bagynyň körpeleri we şäherimizdäki 21-nji orta mekdebiň mugallymlary, okuwçylary gatnaşdylar. Edebiýat agşamynyň başynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, gazaply uruş ýyllarynda ata Watanymyzyň asudalygy üçin öz janlaryny gurban eden mertler kalplarda baky ýaşaýar. Gazaply ýyllaryň azaplaryny gerdenlerinde çeken, häzirki wagtda gazanan ýeňişleriniň datly miwelerini görüp ýaşaýan uruş weteranlary, tylda zähmet çekenler we olaryň nesilleri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar. Watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasyny görkezen gahryman gerçeklerimiz hemişe ýagşylykda ýatlanar.

Mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky 33-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bilim bölüminiň hem-de degişli edaralaryň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp geçirilen duşuşyga ýaş mugallymlar, ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda jemgyýetimizde ýaşlaryň orny, olaryň bilimli, hünärli, giň gözýetimli, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi, şeýle-de «Aragatnaşyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary düşündirildi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak barada durlup geçildi.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlandy

Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi. Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan söhbetdeşlige kitaphana işgärleridir okyjylary gatnaşdy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlige gatnaşanlar, ilki bilen, muzeýiň sergi zalyna aýlanyp gördüler. Türkmen topragynyň şan-şöhratly taryhyndan söhbet açýan gymmatlyklar ýakymly täsirleri galdyrdy.

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

Tejen etrabyndaky 27-nji orta mekdepde «Şygyrlaryň ömre mekdep, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen etrabyň orta mekdepleriniň halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagyndaky söhbetdeşlik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Söhbetdeşlige gatnaşanlar türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, döredijiligi, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, dostluk temadaky goşgularynyň many-mazmuny barada söhbet açdylar. Täze taryhy döwrümizde şahyryň edebi mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmakda babatdaky tagallalar hakda aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Täsirli geçen duşuşyk

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap geňeşiniň guramagynda esgerleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk sagdyn durmuş ýörelgeleri barada boldy. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ata Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülendigi, sporta uly üns berilýändigi, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport  bilen meşgullanmaklary üçin ähli oňaýly şertleriň döredilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, geljekde hakyky watançy, ynsanperwer, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.