Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

3 Maý 2024
755

OÝALY-UKULY OÝLARYŇ NETIJESI

Elimde ruçkam, öňümde depder. Ýöne näme ýazjagymy bilemok. Ýazasym gelýär. Dogrusy, hut şunuň üçin ir oýanýan. Emma bolanok. Kelebiň ujuny tapamok. Ýazyş düwmesiniň nämedigini saýgaramok. Munuň üçin bary-ýogy ýekeje düwmäni basmagyň gerekdigini bilýän. Ýöne onuň nähili we haýsy düwmedigine akylym ýetenok. Çünki onuň göze görünmeýän düwme bolmagy-da ähtimal. Sermenip tapmalydyr, belki?! Elim ruçkaly sermenibersemmikäm?! Onuň galdyran yzy, heý, many aňladarmyka?! Şeýle usulda sermenip başladygymmyka ýa şu?! Bolup biler. Ýöne soň munuň içindenem many agtaryp sermenip ýörmeli bolsa, ine, şol çetin... Her näme-de bolsa, beýle pursatlary boş geçirmejek bolmaly. Ymykly uka gideniňden soň muňa-da ýagdaý bolmajagy hak. Ömür — puryja. Şu sähelçe mütdetlik puryjany dogry ulanmak gerek. Gysyr pikirlere maýyl bolup oturmakdan peýda ýok. Olary dömer ýaly, miwe berer ýaly hala ýetirmeli. Aslynda, şo-da kelebiň ujy bolmaly. Pikirleriň böwrüni deşmek gerek ruçkanyň ýiti ujy bilen. Goý, pagşyldap gaýtsyn ol depderiň ýüzüne. Bulam-bujaram bolsa, goý, dökülsin. Soňra ondan nämedir bir degerli zat tapmak hökman başardar. Şeýle etmeseň welin, bolup biläýjek pikir däneleri hem çüýräp gider. Gysyrlykdan beter pak bolar, palak bolar. Ýumurtganyň uzak wagt dursa, palak bolup, porsaýşy ýaly. Emma ony kürk towugyň aşagyna goýsaň welin, jüýje çykar jüýbüldäp... Şu setirlerdenem jüýp-jüýp sesi eşidilip başlan ýaly, göwnüme bolmasa. Ýa üçekden gögerçin jüýjejikleriniň sesi eşidilýärmikä? O-da ýönelige däldir. Garaz, bir owaz bar bolsa, bu palak, pak däldiginiň alamaty... Säher-säher meni oýarýan Güýç diňe haýran-serasima bolup otur diýip, beýle edýän däldir. Işle diýýändir. Döretjek bolmaly. Depderimiň, ruçkamyň öňünde ýüňsakal bolmaly däl. Ruçkamyň syýasy, depderimiň sahypalary özüni pida etmäge taýynka diňe işlemeli. Ýogsam, ahyrsoňunda biderek pida bolarsyň. Eý, meni her säher oýarýan Güýç, meni ýüzügara etme! Kelebiň ujuny, şol hyýaly düwmäni görkez! Bimany ötmäýin!

Orazmyrat MYRADOW,
«Nesil».
Beýleki habarlar