Abadançylygyň ak ýoly

3 Maý 2024
385

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Giň gerimli hem-de uzak möhletleýin milli maksatnamalar ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilýär.

Eziz Watanymyzda demir, awtomobil we howa ýollary ulgamlarynyň toplumlaýyn esasda ösdürilmegi, olaryň halkara derejedäki möhüm ýollara birikmegi we netijeli ulanylmagy babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Döwrebap awtobanyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygyna hem şu ýylyň başynda badalga berildi.

Mergen GURBANNAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, podpolkownik.
Beýleki habarlar