Umumadamzat şahyrynyň hormatyna

3 Maý 2024
430

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglanyşykly dabaralar halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar. Ýakynda bize söz ussadynyň ýubileýine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde saparda bolmak miýesser etdi. Rus topragynda türkmen wekiliýeti ýokary myhmansöýerlik bilen garşylandy. Medeni we bilim maksatly guralan çäreler bolsa baý mazmuny bilen tapawutlandy.

Sapar türkmen-rus wekiliýetleriniň uly toparynyň gatnaşmagynda W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň garşysyndaky seýilgähde oturdylan Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýup, beýik akyldaryň ruhuna tagzym etmekden başlandy. Dabaraly çäreleriň dowamynda Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdebe baryldy. Bu mekdepde Magtymguly Pyragy muzeýi döredilipdir. Muzeýde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleri, halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan medeniýetini aýdyň açyp görkezýän milli egin-eşikler, hojalyk esbaplary, şeýle hem akyldar şahyrymyzyň suratlary we onuň döredijiliginden söz açýan eserler ýerleşdirilipdir. Mekdebiň muzeýine türkmen wekiliýetiniň gymmat bahaly eksponatlary hem gowşuryldy. Ata Watanymyzdan eltilen gymmatlyklar dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Baýramçylyk dabarasynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny açyp görkezýän gyzykly çykyşlar edildi, türkmen we rus halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklara uly baha berildi.

Aýbölek GOÇYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar