Täzelikler

3 Maý 2024
526

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri iş maksatnamasyna laýyklykda Köýtendag etrabynda bolup, jemgyýetiň agzalary bilen duşuşdylar.

Duşuşyga jemgyýete agza bolup durýan edara-kärhanalaryň işgärleri we tebigaty söýüjiler gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler döwrümiziň möhüm meselesi bolan ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak hakynda durup geçdiler. Köýtendagyň çäklerinde hereket edýän senagat kärhanalarynyň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagy esasy talaplaryň biridir. Kärhanalarda howanyň, topragyň önümçilik galyndylary bilen hapalanmagyň öňüni alýan enjamlaryň oturdylmagynyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýanlygy duşuşykda edilen çykyşlarda giňden bellenildi.

Beýleki habarlar