"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Eneligiň we çagalygyň goraglylygy — ýagty ertirleriň aladasy

Maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy, sagdyn nesliň kemala getirilmegi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijilerini kesgitleýär. Sagdyn, bagtly enelik we çagalyk, maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygy babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty döwrüň ösen talaplaryny nazarlaýar. Munuň özi her bir ojakda maşgala gatnaşyklarynyň has-da berkemegine täsir edip, hut şu gymmatlyklaryň sarpalanmagy bilen, berk binýatly geljegi gurmagyň ähmiýetiniň aýratyn ünsde saklanýandygyny görkezýär. Çünki maşgalalaryň abadançylygy bilen jemgyýetiň jebisligi, halkyň döwletliligi pugtalandyrylýar. Şol bir wagtda, bu umumymilli gymmatlyklar esasynda Watanyň daýanjy bolan ýaşlaryň belent ahlak sypatlary-da kemala gelýär. Şu ýylyň fewralynda Milli Liderimiziň başlyklygynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirilip, onda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Olaryň hatarynda durmuş syýasaty ulgamynda iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak, ýaşlary goldamak, saglygy goraýyş ýaly meselelere degişli kanunçylyk seljerilip, zerur işler bellenildi.

Watanperwerligiň belent nusgasy

Parahatçylyk — adamzadyň bagtyýar, abadan, asuda durmuşynyň daýanjy, hökmany şerti. Uruş bolsa parahatçylygyň gazananlaryny weýran edip, öwezini dolup bolmajak, ýyllar, asyrlar geçse-de unudylmajak uly ýitgilere eltýär. Adamzat taryhynda urşuň utan ýeri ýok. Dünýe döräli bäri, adamzat ençeme uruşlary başdan geçirip, olaryň pidalaryna, agyr netijelerine sezewar boldy. Taryhda «Ikinji jahan urşy» diýlip atlandyrylan, XX asyryň birinji ýarymynyň ahyrlarynda bolup geçen uruş hem adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan iň ýowuz, iň elhenç jeňleriniň biridi. Ähli derdiň dermany hasaplanýan wagt adamlary hasratly uruş ýyllaryndan barha uzaklaşdyrýar. Ondan bäri indi 79 ýyl geçipdir. Emma bu ýowuz urşuň ýüreklere salan ýarasy asla bitmeýär. Şol ýalynly ýyllara şaýat bolanlaryň hatary barha azalsa-da, gazaply uruş, onuň müňlerçe maşgala ojaklaryna getiren külpetleri baradaky gam-gussa doly ýatlamalar hiç haçan könelmeýär.

Bu güllerde gerçekleriň keşbi bar

Her ýylyň maý aýy güllere aýratyn baý bolýar. Baharyň şu ajaýyp gülleri ene topragyň ähli gözelligini eçilýän döwri ýaly bolup, kalbyňa dolýar. Ine, şu ajaýyp, dürli reňkli gülleriň pajarlap açylýan günlerinde halkymyz Ýeňiş gününi baýram edýär. Şol gül ýüzli ýigitleriň, duşmandan üstün çykan merdanlaryň Beýik Ýeňşi getireninden bäri hem bir är ömri wagt geçipdir. Hut şu günlerde Zeminiň baky güle beslenmegi üçin jan aýaman söweşen gerçeklere, uruş weteranlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Nebitgaz toplumynda ýylyň dört aýynyň jemlerine garaldy

4-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Ömürleri özgerdýän sahawat

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi bilen bütindünýä jemgyýetçiligi tanyşdyryldy2024-nji ýylyň aprel aýynyň 29-30-na Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilen BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» diýen at bilen geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň başlangyjy esasynda bu çäre bilen bir hatarda, 29-njy aprelde Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň (ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň dowamynda ählumumy derejede Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi we baha berildi. Şeýle-de şol gün BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň +30 ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerletmegiň ýollary» atly ugurdaş duşuşyk çäresi geçirildi. Onuň esasy maksady Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmegiň ähmiýetini düşündirmekden we howandarlyga mätäç çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda t

Suw üpjünçiligi — durmuş abadançylygynyň möhüm şerti

Türkmen halky ähli döwürlerde suwy sarpaly peýdalanyp, tebigatyň gymmatly baýlygynyň her damjasyny altyna deňäpdir. Bu gün bütin dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, tebigy baýlyklary, aýratyn-da, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak möhüm meselä öwrüldi. Ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek Türkmenistanda hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýan bu ugurda iri taslamalaryň birnäçesi — suw arassalaýjy kärhanalaryň, suw howdanlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda suwarylýan ekin meýdanlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň häzirki zaman tygşytlaýjy usullaryny ulanmakda hem-de ägirt uly kuwwaty bolan suw desgalaryny gurmakda, olary netijeli peýdalanmakda uly tejribe toplanyldy. Suw hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň we innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ýowuz ýyllaryň şaýady

Geçen asyrda adamzadyň başyna agyr hasratlary getiren ýowuz urşa başdan-aýak gatnaşan Ýazek agany görmek, salamlaşmak üçin baranymyzda, asyr ýaşy arka atan döwletli goja bilen didarlaşmak üçin bizden öňem birnäçe adam baran eken. Ýanymdaky ýoldaşym daş işikde duşan adamlardan: — Ýaşulynyň ýagdaýy nähili? — diýip sorady.

Uruş döwrüniň oglany

Halypa ýazyjymyz Anna Paýtygyň «Uruş döwrüniň oglany» powestini ilkinji gezek mekdep okuwçysy döwrüm okanym ýadymda. Oba oglanlarynyň – Kössegiň, Çarynyň, Daňňynyň we Mişanyň başdan geçirmelerini çaga gyzyklanmasy bilen yzarlapdym. Emma olaryň garagolluklarynyň, kä şadyýan, kä gussaly başdan geçirmeleriniň özeninde uly hasratyň bardygyna doly düşünmändirin. Çagalaryň heneklerinde-de, gülkülerinde-de gussa bar. Olaryň däne gözleginde garynjadyr alakalaryň hinini gyzyl dörjük edip ýörüşleri göz öňüňe gelende, şol gussanyň birje katrasy köňül güzeriňe damyp, halka-halka tolkun atyp, imisala dünýäňde harasat gopdurýar. Çaga göwnüniň kireňsizligine sered-ä, käte ol Asmandaky ýyldyzlardan tamakin. Çagalar heniz tapylmadyk bugdaýdan ejelerine çörekdir petir bişirtmek hakynda agyz suwardyp, gürrüň, jedel edişleri, olaryň hin baryny gazyp, bary-ýogy bir gadaga golaý bugdaý dänelerini çöpleseler-de, edil gyzyl tapan ýaly göwnühoş boluşlary ikinji Jahan urşunyň gahatçylygyny aýdyň görnüşde göz öňüňde janlandyrýar.

Gahrymanlar unudylmaýar

Düýn ― 6-njy maýda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde «Watan gahrymanlaryna baky şöhrat!» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa il sylagly ýaşulular, Mejlisiň deputatlary, mekdebiň mugallymlary hem-de ýokary synplarynyň okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler taryhymyzyň gowgaly ýyllaryny ýatladylar hem-de häzirki parahat durmuşymyza buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de onda urşuň gazaply ýyllarynda tylda zähmet çeken Altyn Orazowa, Gurban Gadamowa, Hommat Myratberdiýewe hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Berjaý edilmeli düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän eýeçiliginiň görnüşine garamazdan binalardyr desgalarda we olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine örän ünsli bolmalydygyny ýatladýar. Binalaryň üçekleriniň girelgelerinde, ammarlarda, önümçilik ýa-da edara goşlary saklanýan jaýlarda päsgelçilik döredijileri goýmak, şeýle hem üçek jaýlarynda dürli goşlary we ýanyjy çig mallary saklamak gadagandyr. Üçekleriň we ýerzeminleriň girelgelerini açyk goýmak kada laýyk däldir. Işjeň ýagdaýdaky elektrik enjamlary, gurallary we elektrik kabul edijileri gözegçiliksiz galdyrmaly däldir. Otaglary ýeňil tutaşýan, ýanyjy suwuklyklar bilen arassalamak ýangyn howpuny döredip biler. Näsaz we döwlet ülňülerine gabat gelmeýän dürli elektrik gyzdyryjy, goraýjy enjamlary ulanmaga ýol bermeli däldir. Döwlet ýangyn gözegçiligi bilen ylalaşylmadyk ýerlerde dürli elektrik gyzdyryjy enjamlaryny ulanmak, ýeňil tutaşýan ýanyjy suwuklyklary, şeýle hem beýleki ýangyn howply çig mallary saklamak gadagandyr. Ýerli häkimlikler, Döwlet ýangyn gözegçiligi bilen ylalaşmazdan, jaýlary özbaşdak täzeden üýtgedip gurnama işlerini meýilleşdirmek we binadyr desgalary gurmaga rugsat berilmeýär. Edaranyň çäginde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we raýatlaryň wagtlaýyn ýaşamagyna ýol bermek, binalarda we olaryň çäklerinde çilim çekmek, açyk

Üns beriň, bäsleşik!

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY I. Umumy düzgünler

Jemgyýetiň hereketlendiriji güýji (Döwür we ýaşlar)

Ylym-bilim, sport bagtyýarlyga, eşretli hem abadan durmuşa gönezlikdir. Şonuň üçin hem berkarar döwletimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülen ýaşlaryň geljekde kämil pikir-garaýşa, ukyp-başarnyga eýe bolmaklary üçin ylym-bilimiň binýady berkden tutulýar, sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Merdana pederlerimize tagzym

Ata Watanymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bellenilýär. Ýurdumyzda bu urşa gatnaşan weteranlara, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere uly sarpa goýulýar. Halk gahrymanlary döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar. Weteranlaryň saglygy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. 9-njy maý — ähmiýetli we mukaddes baýramlaryň biri. Taryha ýüzlenenimizde, XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň gazaply wakalaryna çuňňur aralaşýarys. Şol wakalary gören adamlar bolsa barha azalyp barýar. Ýöne ýowuz uruş baradaky ýatlamalar unudylmaýar. Şol ýyllarda urşa gatnaşan ildeşlerimiz agyr synaglara döz gelip, Beýik Ýeňiş üçin batyrgaý söweşdiler, tylda zähmet çekenler bolsa uly edermenlik görkezdiler. Müňlerçe türkmen esgerleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde edermenligi, gaýduwsyzlygy hemra edinip, janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny bellemeli. Onuň ömür ýoly türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi.

Talyp ýigitleriň bäsleşigi: şowhun, çekeleşik, taplanyş

Ýagty geljek bu günki ýaş nesilleriň elinde. Olar hünär eýeleri bolup, abadan türkmen jemgyýetinde öz mynasyp orunlaryny tapmaly. Şonuň üçin-de, ilkinji nobatda, olara ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Talyp ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan we paýtagtymyzdaky Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-sy gatnaşdy.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) Terjimeçiden: Bu kitabyň awtory Masaru Ibuka — «Sony» korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri. Ozal metbugat sahypalarynyň üsti bilen onuň «Üçden soň… giç» atly kitabyny okyjylara ýetiripdik. Size hödürlemekçi bolýan «Üçe çenli — aýny wagty!» atly bu kitabymyz bolsa ondan has soň okyjylara gowşupdyr. Ýagny iki kitabyň arasyna on ýyla ýakyn möhlet düşüp ýazylypdyr. Emma welin okalan çagy bir awtoryň iki kitabynyň arasyna, biziň pikirimizçe, onlarça ýyl möhlet-hä däl, hatda sähel salymlyk pursat hem düşmese gowy bolardy. Çünki biri-biriniň üstüni doldurýan, gabarasy beýle bir uly bolmadyk bu kitaplaryň dünýädäki dabarasy juda uly bolan.

Sen bar diýip jahanda (Durmuş we biz)

Dünýäniň ähli barlygy ynsan üçin ýaradylan. Ol Ýaradanyň eradasy bilen hasyl bolupdyr. Beýik Biribar bize ýürek berip, içine söýgi, rehim-şepagat salypdyr. Göz berip, ýagşyny görmegimizi, gulak berip, mylaýym owazlary diňlemegi, aýagymyzyň diňe oňat ýerlere ätlemegini... buýrupdyr. Töweregimizdäki baglar, daglar, güller, ot-çöpler biziň huzurymyzda. Bu barlyklar keýpimiziň çag, bedenimiziň sagdyn bolmagyna ullakan goşant goşýar. Beýik Biribara: «Ýaradyjy», enelere bolsa: «Dörediji» diýýärler. Sebäbi eneler topraga meňzeş. Topraga düşen tohumy synlap bilmesegem, ýerden ýokary galyp başlanda görüp bilýäris. Gämikler ilki hiç eýikmeýär. Oňa ideg gerek. Gün, howa, suw zerur. Edil şol ejizje ösüntgi ýaly, dünýä inen çaga-da ene mähri zerur. Ene balasyny mähir bilen gurşaýar. Ak süýdünden gandyrýar, ähli zatdan goraýar. Perzendini dürli howplardan goramalydygyna göz ýetirende, enelerde gaty uly güýjüň peýda bolýandygy barada okanym ýadyma düşýär. Dünýä täsinlikleriniň arasynda balasyny goramak üçin, özünden ýüzlerçe esse uly agyrlygy göteren ene barada eşidipdim. Enäniň süýji sözlerini, mähirli bakyşlaryny başga hiç zat bilen çalşyp bolmaýar. Onuň üçin biz ulalsagam çaga, garrasagam juwan görünýäris. Gazetde okan tymsallarymyň biri wagtal-wagtal ýadyma düşýär: «Üçegi düzetmek üçin ogly jaýyň üstüne çykýar. Ene eli ýyly eşikli aşakda garaşyp dur. Onuň serinde: «Balam üşeýändir, ynha,

Duşuşyk geçirildi

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk  urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde duşuşyk geçirildi. Ýaşlarda watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezen milli gahrymanlarymyza bolan buýsanjy artdyrmak, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksadynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler gahrymanlarymyzyň görkezen mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda uly orna eýe bolandygyny nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda häzirki taryhy döwürde Beýik Ýeňşi getiren milli gahrymanlarymyzyň sarpasynyň has-da belent tutulýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Milli gahrymanlar — görelde mekdebi

Şu günler 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, etrabymyzda hem duşuşyklar, dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Etrabymyzyň çägindäki geňeşliklerde ilat arasynda, orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylar bilen geçirilýän dabaralarda milli gahrymanlarymyzyň geçen söweş ýollary, edermenlikleri barada söhbet edilýär. Häzirki parahat durmuşymyz üçin janyny orta goýup söweşen gerçekleriň hatarynda ildeşlerimiz Saparmät Hojaýewiň adynyň etrabyň bir daýhan birleşigine dakylandygyny, Garryhan Ahmedowyň Reýhstaga öz adyny ýazyp goýandygyny, Çotbaý Hojanyýazowyň Gurbansoltan eje geňeşliginde halka gowy öwüt-ündew edip ýaşandygyny, Amannazar Halnazarowyň ömrüniň ahyryna çenli etrap hassahanasynda ýeňil elli lukman bolup işländigini, Kakajan Haljanowyň, Atanazar Şirnazarowyň, Orsbaý Baýarowyň, Rahman Meretgulyýewiň atlarynyň M.Hojamämedow geňeşliginde ebedi ýaşaýandygyny ýaşlara gürrüň bermek bilen, olaryň ildeşlerimize bolan hormaty pugtalandyrylýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, uruş weteranlarynyň ählisine «Türkmenistanyň Milli Gahrymany» diýen adyň berlendigi, Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň açylandygy, uruşda wepat bolanlaryň atlarynyň «Hatyra», sag-aman dolanyp gelenleriň atlarynyň «Şöhrat» kitabyna ýazylyp ebedileşdirilendigi barada uly hormat hem hoşallyk bi

Maşgala gymmatlyklary wagyz edildi

TKA-nyň welaýat hem-de Görogly etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda «Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Etrabyň medeniýet öýünde geçirilen maslahat hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmak, maşgala ojaklarynyň agzybirligini, Watana bolan söýgini artdyrmak maksadyna gönükdirildi. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Hormatly il ýaşulusy Aşyrdurdy Allaýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanyndaky hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşleriniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Henip Zahyrow, mährem ene Haljan Arazmedowa,  etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi Saparmyrat Halbaýew, etrap hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Tirkeş Arazow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Şasenem Orazowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleriň ählisiniň halkymyzyň, şeýle hem umumadamzadyň bähbidine gönükdirilýändigi, olaryň netijesinde ýurtlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň

Ýaş oýlap tapyjylaryň bäsleşigi

Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdepde etrabyň orta mekdepleriniň 6—11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Zehinimiz Watana» atly ýaş oýlap tapyjylaryň sergisi guraldy. «Ýaş oýlap tapyjylyk» işi bilen meşgullanýan tebigy zehinli, aýratyn ukyp-başarnykly, döredijilikli mekdep okuwçylaryny tapawutlandyrmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen sergä etrabymyzdan 40-a golaý okuwçy gatnaşdy. Etrap bilim bölümi bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärede mekdep okuwçylary mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda oýlap tapan dürli görnüşli enjamlaryny, kompýuter programmalaryny, täze önümçilikleriň maketlerini görkezdiler.