Suw üpjünçiligi — durmuş abadançylygynyň möhüm şerti

6 Maý 2024
374

Türkmen halky ähli döwürlerde suwy sarpaly peýdalanyp, tebigatyň gymmatly baýlygynyň her damjasyny altyna deňäpdir. Bu gün bütin dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, tebigy baýlyklary, aýratyn-da, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak möhüm meselä öwrüldi. Ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek Türkmenistanda hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýan bu ugurda iri taslamalaryň birnäçesi — suw arassalaýjy kärhanalaryň, suw howdanlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda suwarylýan ekin meýdanlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň häzirki zaman tygşytlaýjy usullaryny ulanmakda hem-de ägirt uly kuwwaty bolan suw desgalaryny gurmakda, olary netijeli peýdalanmakda uly tejribe toplanyldy. Suw hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň we innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Bähbit HAJYMOW,
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Suw süýjediji desgalar müdirliginiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar