Gahrymanlar unudylmaýar

6 Maý 2024
393

Düýn ― 6-njy maýda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde «Watan gahrymanlaryna baky şöhrat!» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa il sylagly ýaşulular, Mejlisiň deputatlary, mekdebiň mugallymlary hem-de ýokary synplarynyň okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler taryhymyzyň gowgaly ýyllaryny ýatladylar hem-de häzirki parahat durmuşymyza buýsançlaryny beýan etdiler.

Şeýle-de onda urşuň gazaply ýyllarynda tylda zähmet çeken Altyn Orazowa, Gurban Gadamowa, Hommat Myratberdiýewe hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Amangül ATABAÝEWA,
TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar