Ömürleri özgerdýän sahawat

6 Maý 2024
471

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi bilen bütindünýä jemgyýetçiligi tanyşdyryldy2024-nji ýylyň aprel aýynyň 29-30-na Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilen BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» diýen at bilen geçirildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň başlangyjy esasynda bu çäre bilen bir hatarda, 29-njy aprelde Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň (ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň dowamynda ählumumy derejede Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi we baha berildi. Şeýle-de şol gün BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň +30 ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerletmegiň ýollary» atly ugurdaş duşuşyk çäresi geçirildi. Onuň esasy maksady Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmegiň ähmiýetini düşündirmekden we howandarlyga mätäç çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar