Watanperwerligiň belent nusgasy

7 Maý 2024
471

Parahatçylyk — adamzadyň bagtyýar, abadan, asuda durmuşynyň daýanjy, hökmany şerti. Uruş bolsa parahatçylygyň gazananlaryny weýran edip, öwezini dolup bolmajak, ýyllar, asyrlar geçse-de unudylmajak uly ýitgilere eltýär. Adamzat taryhynda urşuň utan ýeri ýok. Dünýe döräli bäri, adamzat ençeme uruşlary başdan geçirip, olaryň pidalaryna, agyr netijelerine sezewar boldy. Taryhda «Ikinji jahan urşy» diýlip atlandyrylan, XX asyryň birinji ýarymynyň ahyrlarynda bolup geçen uruş hem adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan iň ýowuz, iň elhenç jeňleriniň biridi.

Ähli derdiň dermany hasaplanýan wagt adamlary hasratly uruş ýyllaryndan barha uzaklaşdyrýar. Ondan bäri indi 79 ýyl geçipdir. Emma bu ýowuz urşuň ýüreklere salan ýarasy asla bitmeýär. Şol ýalynly ýyllara şaýat bolanlaryň hatary barha azalsa-da, gazaply uruş, onuň müňlerçe maşgala ojaklaryna getiren külpetleri baradaky gam-gussa doly ýatlamalar hiç haçan könelmeýär.

Çaryýar EMIROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar