Maşgala gymmatlyklary wagyz edildi

6 Maý 2024
464

TKA-nyň welaýat hem-de Görogly etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda «Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Etrabyň medeniýet öýünde geçirilen maslahat hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmak, maşgala ojaklarynyň agzybirligini, Watana bolan söýgini artdyrmak maksadyna gönükdirildi. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Hormatly il ýaşulusy Aşyrdurdy Allaýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanyndaky hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşleriniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Henip Zahyrow, mährem ene Haljan Arazmedowa,  etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi Saparmyrat Halbaýew, etrap hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Tirkeş Arazow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Şasenem Orazowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleriň ählisiniň halkymyzyň, şeýle hem umumadamzadyň bähbidine gönükdirilýändigi, olaryň netijesinde ýurtlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň berkeýändigi, ata Watanymyzyň bedew bady bilen ösýändigi, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň pugtalandyrylýandygy dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Döwletimiziň binýadynyň berkliginiň esasy bolan maşgala gymmatlyklaryna uly ähmiýet berilýändigi, ýaş maşgalalary goldamak boýunça döwlet tarapyndan dürli ýeňillikleriň döredilendigi, onuň hem bolsa maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, hemmetaraplaýyn kämil nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedigi barada hem bellenip geçildi. Her bir maşgalanyň abadançylygyny berkitmek bilen, döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmaga zähmet adamlarynyň ählisiniň öz ornunda işjeň gatnaşmalydygy ündeldi. Halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, türkmen maşgalasynyň rowaçlanmagynyň hatyrasyna belent tutumlary durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden sagbolsun aýdyldy.

Aýnabat SAPAROWA,
TKA-nyň Görogly etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar