Milli gahrymanlar — görelde mekdebi

6 Maý 2024
416

Şu günler 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, etrabymyzda hem duşuşyklar, dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Etrabymyzyň çägindäki geňeşliklerde ilat arasynda, orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylar bilen geçirilýän dabaralarda milli gahrymanlarymyzyň geçen söweş ýollary, edermenlikleri barada söhbet edilýär. Häzirki parahat durmuşymyz üçin janyny orta goýup söweşen gerçekleriň hatarynda ildeşlerimiz Saparmät Hojaýewiň adynyň etrabyň bir daýhan birleşigine dakylandygyny, Garryhan Ahmedowyň Reýhstaga öz adyny ýazyp goýandygyny, Çotbaý Hojanyýazowyň Gurbansoltan eje geňeşliginde halka gowy öwüt-ündew edip ýaşandygyny, Amannazar Halnazarowyň ömrüniň ahyryna çenli etrap hassahanasynda ýeňil elli lukman bolup işländigini, Kakajan Haljanowyň, Atanazar Şirnazarowyň, Orsbaý Baýarowyň, Rahman Meretgulyýewiň atlarynyň M.Hojamämedow geňeşliginde ebedi ýaşaýandygyny ýaşlara gürrüň bermek bilen, olaryň ildeşlerimize bolan hormaty pugtalandyrylýar.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, uruş weteranlarynyň ählisine «Türkmenistanyň Milli Gahrymany» diýen adyň berlendigi, Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň açylandygy, uruşda wepat bolanlaryň atlarynyň «Hatyra», sag-aman dolanyp gelenleriň atlarynyň «Şöhrat» kitabyna ýazylyp ebedileşdirilendigi barada uly hormat hem hoşallyk bilen gürrüň edilýär.

Läle AMANMÄDOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärler bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar