"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Tokaýçylaryň haýyrly işleri

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda il bähbitli, döwlet ähmiýetli işler alnyp barylýar. Şolaryň biri hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, güneşli Diýarymyzy gül-gülälege büremek ugrunda alnyp barylýan işlerdir. Bagy-bossanly ýerler daş-töweregiň howasyny tämizläp, onuň çyglylyk derejesini degişli derejede saklamaga, salkyn howany emele getirmäge ýardam edýär. Bag zolaklary adam we janly-jandarlar üçin howadaky ýaramaz düzümli tozan böleklerini özlerine siňdirip, arassa gurşawy döredýärler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, her ýyl köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabaralary geçirilýär. Ýurdumyz saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň we tokaý zolaklarynyň mekanyna öwrülýär. Diýarymyzyň dürli künjekleriniň şunuň ýaly gözel keşbe eýe bolmagynda tokaý hojalyklarynyň işiniň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzyň Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan welaýat tokaý hojalygynyň bagbanlary tyllaýy güýz paslynyň häzirki günlerinde dürli görnüşli agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we olara göwnejaý ideg etmek işlerini ýokary derejede alyp barýarlar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 29-njy oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Watan sözüniň özünde nähilidir bir gözellik, mähir, süýjülik bar. Ol edil ene-ata düşünjeleri ýaly, ynsana yssylyk berýär. Watan tebigaty seniň üçin dünýäniň ähli künjeginden mähriban. Watan, milli gymmatlyklarymyz hakdaky gürrüň orta atylanda, ilki bilen olary gözümiziň göreji ýaly goramalydygymyz baradaky pikir öňe saýlanýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu topragyň üstündäki gözellikler bize pederlerden miras galan, geljekki nesillere şol tämizligi bilen galdyrmaly gymmatlyklar. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary daşky gurşawy goramakda uly ähmiýete eýedir.

Dü­ýe­da­ban

Dog­ru­sy, bu ot ha­kyn­da öň­räk ýaz­mak­çy­dym, ýö­ne elim­de ýe­ter­lik mag­lu­ma­tym ýok­dy. Birä oňa «sa­byn oty» di­ýil­ýän­di­gini bil­ýär­dim, sebäbi onuň ba­şy sa­by­nyň kö­pür­ji­gi ýa­ly kö­pür­jik­läp du­rar­dy. Birde, he­niz og­lan wagt­la­ry­myz, oýun­dan soň dost­la­ry­myz bo­lup, akar su­wuň ba­şyn­da şol otuň sa­by­ny bi­len el­le­ri­mi­zi, aýak­la­ry­my­zy ýuw­ýan­dy­gy­myz hemde de­ňi­miz­den ge­çip bar­ýan ulu­la­ryň: «Be­re­kel­la, aras­sa­çy­lyk sag­ly­gyň gi­re­wi­dir» di­ýip, bi­ziň owal­dan eşi­dip ýö­ren söz­le­ri­mi­zi aý­dyp, öw­gi­mi­zi ýe­tir­ýän­dik­le­ri ýa­dym­da. Ara­da özüm bi­len bag­ly bo­lan bir wa­ka me­niň bu ot ha­kyn­da dü­şün­jä­mi art­dyr­dy hemde şu ma­ka­la­nyň ýa­zyl­ma­gy­na se­bäp bol­dy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 28-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Howa maglumaty

Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­­l­­­u­gy­nyň ýur­du­myz­da şu gün — 28-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan ho­wa­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da ber­ýän mag­lu­ma­ty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 27-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Bötendagyň baglary

Daşoguz welaýatynyň demirgazyk künjeginde döredilýän tokaý zolagynda, bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlygyň çäginde, meýdan işleriniň nobatdaky tapgyryna girişildi. Zerbap lybasly güýz paslynyň tylla günlerinde bu sähranyň tutuş giňişligi ynsanyň gözellik döredýän zähmetine beslenýär. Şu günler täze tokaý zolagyna gurşalan Bötendag belentligine barýan uly ýoluň ugrunda sazak hem-de duzly gatlaga, şorlaşan topraga uýgunlaşan beýleki çöl ösümlikleri ekilýär, olara ideg hem gorag işleri geçirilýär. Sebitiň tebigy köpdürlüligini saklamaga, ekologik medeniýetini ýokarlandyrmaga täsir edýän şeýle çäreler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Sarygamyş kölüniň gündogar kenaryndan uzap gidýän 20 müň gektar meýdanda täze tokaý zolagy döredilýär. Welaýat merkezinden 200 kilometr çemesi uzaklykdaky giň sährada emele gelýän tokaýlyk Aral deňziniň guran ýerlerinden göterilýän tozanlaryň, köwsarlap öwüsýän güýçli ýelleriň zyýanly täsirini düýpli peseltmäge, ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Yzygiderli häsiýetde amal edilýän uly möçberli işleriň netijesinde, häzire çenli 17 müň gektardan gowrak meýdanda ak hem gara sazagyň, dürli görnüşli çöl ösümlikleriniň 8 million 320 müň düýbi ekildi. Jemi tokaýlaşdyrmaly meýdanyň galan böleginde agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda joýalar çekildi, hatarara çuku

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 26-njy oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Şokolad reňkli depeler

«Giňdir dünýä, geňdir dünýä» diýlişi ýaly, Ýer ýüzüniň dürli ýerleriniň dürli tebigy aýratynlyklary bar. Käbir ýerler gür tokaýlyga bürenen bolsa, köp ýerleri ümmülmez sähralyklar gurşap alýar. Buzluklar bilen örtülen ýerleriň bolşy ýaly, ýylyň her paslynda ýagyş ýagýan ýerler hem bar. Tebigy hadysalar dürli geografik şekilleriň emele gelmegine sebäp bolupdyr. Ýer ýüzüniň täsin ýerleriniň biri hem Filippinlerdäki şokolad depeleri hasaplanýar. Ýurduň Bohol adasyndaky bu alaňlaryň ählisi birmeňzeş ululykda bolup, şokolad ýaly goňur reňki bilen tapawutlanýar. Bu ýerde dünýäniň hiç bir ýerinde gabat gelmeýän 1200 depe bolup, ol 50 kwadrat kilometrden gowrak meýdany eýeleýär. Depeleriň iň beýigi 120 metre barabar. Bu ýerleriň mundan millionlarça ýyl ozal suw bolandygy belli bolsa-da, olaryň nähili dörändigi entek syrly bolmagynda galýar. Olaryň wulkan partlaýyşlary ýa-da eroziýa netijesinde dörändigi çaklanylýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen depeleriň üstündäki otlar ýylyň gurak paslynda gurap, şokoladyň reňkini alýar. Şol sebäpli-de olara şeýle at berlipdir. Bu depeleri görmek üçin her ýyl müňlerçe adam Filippinlere syýahata barýar.

Howa maglumaty

Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­­l­­­u­gy­nyň ýur­du­myz­da şu gün — 26-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan ho­wa­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da ber­ýän mag­lu­ma­ty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda  7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Gözel tebigatyň abadançylygynyň bähbidine

Ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döreden ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen ýörelgeleri yzygider durmuşa geçiripdirler. Bu ýörelgeler häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymdan gelýän şeýle ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, has-da ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmak we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmek, bu ugurda sebit we halkara derejede ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ata Watanymyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadyna öwrüldi. Häzirki wagtda döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ony her ýylyň bahar hem güýz aýlarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde millionlarça düýp agaç nahallarynyň

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 25-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Çeşmeler mekany

Daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak, ony geljekki nesillerimize miras goýmak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, Watanymyzda birnäçe döwlet tebigy we biosfera goraghanalary hereket edýär. Şol goraghanalaryň biri hem Bathyz döwlet tebigy goraghanasydyr. Bu goraghana ýurdumyzyň günorta künjeginde Bathyz belentliginde ýerleşýär. Ol 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda esaslandyryldy. Goraghanamyz tebigy we emeli çeşmelere örän baý. Bu çeşmeler ýabany haýwanlar üçin ýylyň ähli paslynda ähmiýetlidir. Olar goşa toýnakly, täk toýnakly, ýyrtyjy haýwanlar, guşlar we beýleki mör-möjekler üçin iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. Tebigy çeşmelere günbatar, merkezi, gündogar, Başenko, Duzly ýap, Namaksar, Kerlek, Toraňňyly hem-de Daşly çeşmeleri mysal getirmek bolýar. Çeşmelerde goraghanamyzyň ylmy işgärleri we hünärmenleri tarapyndan wagtly-wagtynda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-ne bolmagyna garaşylýan

 HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Ýagşydan bag galar

Bosagada — güýzki agaç oturtmak möwsümi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginde, tokaý hojalyklarynda, her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem uly taýýarlykly gelindi. Güýzki möwsümde oturdyljak nahallar öňünden taýýarlanylyp, olara aýratyn ideg edilýär. Şeýle bolansoň, nahal oturdylan ýerine gowy uýgunlaşyp, gyşy bilen yzgary, idegi ýetensoň, ir bahardan gowy janlanyp ugraýar, ýeterlik ösüş alýar. Hut şu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahalyny oturtmak meýilleşdirildi. Onuň belli bir möçberi eýýäm ýazky möwsümde oturdyldy. Geçen ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahalynyň oturdylmagy, bu ýyl onuň sanynyň has-da artdyrylmagy dünýä nusgalyk hem-de abadan geljege gönükdirilen işlerdir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 23-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Güýz hakda aýdym

«Duýgular ummany» hekaýatlar toplumyndan Ýene-de ilerde bir ýerlerde gykuwlaşýan durnalaryň sesi mawy asmany dilýär. Ak sähralara ümsümlik aralaşypdyr. Alma baglarynda ýene-de gyzýaňak almalaryň baly goýalyşypdyr. Durnalaryň sesi kalbyňa birhili gussamy, buýsançmy, ýatlamalaryň galpyldysymy, bir täsin duýgulary salýar. Kalbyň gyýym-gyýym bolýar. Sanýetmez duýgular ýene-de kalbyňa dolýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 23-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4...+6°, gündizine +17...+19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm. Çyglylygy 35-55 %.

Tebigat duýdurýar