Tebigata söýgi — Watana söýgi

28 Oktýabr 2021
1356

Watan sözüniň özünde nähilidir bir gözellik, mähir, süýjülik bar. Ol edil ene-ata düşünjeleri ýaly, ynsana yssylyk berýär. Watan tebigaty seniň üçin dünýäniň ähli künjeginden mähriban.

Watan, milli gymmatlyklarymyz hakdaky gürrüň orta atylanda, ilki bilen olary gözümiziň göreji ýaly goramalydygymyz baradaky pikir öňe saýlanýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu topragyň üstündäki gözellikler bize pederlerden miras galan, geljekki nesillere şol tämizligi bilen galdyrmaly gymmatlyklar. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary daşky gurşawy goramakda uly ähmiýete eýedir.

Serdar Allekow,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň başlygy.
Beýleki habarlar