Ýagşydan bag galar

23 Oktýabr 2021
1290

Bosagada — güýzki agaç oturtmak möwsümi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginde, tokaý hojalyklarynda, her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem uly taýýarlykly gelindi. Güýzki möwsümde oturdyljak nahallar öňünden taýýarlanylyp, olara aýratyn ideg edilýär. Şeýle bolansoň, nahal oturdylan ýerine gowy uýgunlaşyp, gyşy bilen yzgary, idegi ýetensoň, ir bahardan gowy janlanyp ugraýar, ýeterlik ösüş alýar.

Hut şu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahalyny oturtmak meýilleşdirildi. Onuň belli bir möçberi eýýäm ýazky möwsümde oturdyldy. Geçen ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahalynyň oturdylmagy, bu ýyl onuň sanynyň has-da artdyrylmagy dünýä nusgalyk hem-de abadan geljege gönükdirilen işlerdir.

Ýazmuhammet BEGLEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar