Gözel tebigatyň abadançylygynyň bähbidine

25 Oktýabr 2021
1300

Ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döreden ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen ýörelgeleri yzygider durmuşa geçiripdirler. Bu ýörelgeler häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymdan gelýän şeýle ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, has-da ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmak we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmek, bu ugurda sebit we halkara derejede ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ata Watanymyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadyna öwrüldi. Häzirki wagtda döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ony her ýylyň bahar hem güýz aýlarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdylmagy, Garagum çölüniň ösümlik dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy üçin dürli çäreleriň geçirilmegi, sazak tokaýlyklarynyň, dagdaky jeňňellikleriň döredilmegi, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy, Garagum derýasynyň ikiýan gyralaryna tut nahallarynyň ekilmegi hem doly tassyklaýar. Emeli kölüň döredilmegi diňe bir Garagumuň ýa-da ýurdumyzyň tebigatyna däl, tutuş Aziýa sebitiniň ekologiýasyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle-de welaýatymyzdaky Bötendag belentliginiň töwereginde 20 müň gektar ýerde döredilen tokaý zolaklarynyň bu gadymy künjegi ekologiýa taýdan has arassa mekana öwürmäge ýardam etjekdigine ynam döredýär.

Alimuhammet ŞUKUROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar