Tokaýçylaryň haýyrly işleri

29 Oktýabr 2021
1274

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda il bähbitli, döwlet ähmiýetli işler alnyp barylýar. Şolaryň biri hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, güneşli Diýarymyzy gül-gülälege büremek ugrunda alnyp barylýan işlerdir. Bagy-bossanly ýerler daş-töweregiň howasyny tämizläp, onuň çyglylyk derejesini degişli derejede saklamaga, salkyn howany emele getirmäge ýardam edýär. Bag zolaklary adam we janly-jandarlar üçin howadaky ýaramaz düzümli tozan böleklerini özlerine siňdirip, arassa gurşawy döredýärler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, her ýyl köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabaralary geçirilýär. Ýurdumyz saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň we tokaý zolaklarynyň mekanyna öwrülýär. Diýarymyzyň dürli künjekleriniň şunuň ýaly gözel keşbe eýe bolmagynda tokaý hojalyklarynyň işiniň ähmiýeti uludyr.

Ýurdumyzyň Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan welaýat tokaý hojalygynyň bagbanlary tyllaýy güýz paslynyň häzirki günlerinde dürli görnüşli agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we olara göwnejaý ideg etmek işlerini ýokary derejede alyp barýarlar.

Şekerjan AHMEDOWA,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar