Çeşmeler mekany

24 Oktýabr 2021
1445

Daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak, ony geljekki nesillerimize miras goýmak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, Watanymyzda birnäçe döwlet tebigy we biosfera goraghanalary hereket edýär. Şol goraghanalaryň biri hem Bathyz döwlet tebigy goraghanasydyr.

Bu goraghana ýurdumyzyň günorta künjeginde Bathyz belentliginde ýerleşýär. Ol 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda esaslandyryldy. Goraghanamyz tebigy we emeli çeşmelere örän baý. Bu çeşmeler ýabany haýwanlar üçin ýylyň ähli paslynda ähmiýetlidir. Olar goşa toýnakly, täk toýnakly, ýyrtyjy haýwanlar, guşlar we beýleki mör-möjekler üçin iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. Tebigy çeşmelere günbatar, merkezi, gündogar, Başenko, Duzly ýap, Namaksar, Kerlek, Toraňňyly hem-de Daşly çeşmeleri mysal getirmek bolýar. Çeşmelerde goraghanamyzyň ylmy işgärleri we hünärmenleri tarapyndan wagtly-wagtynda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Myrat AMANOW,
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar