"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Garaşsyzlyk — ruhy galkynyş bady, Bitaraplyk — baky bagtyň binýady

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly. Bu ýylda eziz Diýarymyzda Garaşsyz özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip gelýändigine 32 ýyl doldy. Şol ýyllaryň dowamynda Garaşsyzlygyny alyp galkynan, hemişelik Bitaraplygyny alyp beýgelen Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapada bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny älem-jahana aýan etdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyp, halkara jemgyýetçiligiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bu gün ygtybarly, açyk hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrülen, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde halkara ykrarýete eýe boldy. Ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam basýan ýurduň gazanan üstünlikleri bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyny hem jöwher paýhasyny tutuş dünýä äşgär etdi. Munuň şeýledigini sebitde deňi-taýy bolmadyk ýaşlar şäheri — Arkadag şäheri hem aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Gazanylan beýik üstünlikleriň ählisiniň aňyrsynda bolsa,

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni

Parahatçylygyň güwänamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni uly ösüş-özgerişlere beslenýär. Bu ajaýyp wakalaryň gözli şaýady bolup, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny, asudalygyny, erkana durmuşyny görýäris. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň saýasynda baky bagtyň gujagynda ýaşaýar. Bitaraplygyň nyşany hökmünde zeýtun baldajygy ýerleşdirilen Döwlet baýdagymyz bu gün ýaşaýşyň, ýaşlygyň, berkararlygyň hem-de gülläp ösüşiň ajaýyp beýany bolup parlaýar. Ol milletimiziň agzybirligini, erkinligini, hemişelik Bitaraplygyny dünýä ýaýýar.

Özgerýär Bitarap Watan

Ýakynda Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda şeýle şygar astynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony döwlet edaralary işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşi we orta hünär okuw mekdebiniň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Duşuşyga il sylagly ýaşulular, mährem eneler, halypa mugallymlar, talyp ýaşlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Täsirli geçen duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň barha ilerleýän içeri we daşary syýasaty, döwletimiziň halkara giňişligindäki işjeňligi, milli hem-de bitaraplyk ýörelgelerimiziň sazlaşykly bitewüligi, halkymyzyň eşretli durmuşy, ýaşlar we döwür dogrusynda çykyşlar edildi. Türkmen Bitaraplygy hakyndaky baý mazmunly çykyşlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň BAE we Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparlarynyň ähmiýeti hem aýratyn nygtaldy.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty – parahatçylygyň hem-de jebisligiň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu gün 28 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bitaraplyk - munuň özi milletiň ähli içerki ruhy durmuşynyň, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň tebigy we kanuny ösüşidir, şol ugur bolsa halkara syýasy gatnaşyklarynda öz ornuna düşünmegi türkmen halkynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklar baradaky taryhy däplerini birleşdirdi. Türkmenler owalda-ahyrda belent adamkärçilik sypatlaryny tug edinip, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup gelipdir. Dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak, abraýly halkara guramalaryna agza bolmak bilen Türkmenista

Parahatçylygyň belent ykrarnamasy

Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga daýanýan gatnaşyklary ýola goýdy. Ýurdumyzyň daşary syýasaty hyzmatdaşlygyň berkarar edilmeginde, bütin dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipelerinde öz beýanyny tapdy. Bu gün parahatçylyk söýüjilikli, netijeli daşary syýasaty alyp barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Bitaraplyk düşünjesi giň mana eýe bolup, onda adamzadyň uzak taryhyň dowamynda döreden parahatçylyk söýüjilik ýoly, halkara we döwletara gatnaşyklarynyň möhüm guraly hem-de ýurduň halkara hukuk ýagdaýyny kesgitleýän syýasy ýörelge jemlenendir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolan 71-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi taryhy waka boldy. Bu bolsa geçen ýyllaryň dowamynda toplanan tejribeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň netijeliligini subut etdi.

Bitaraplyk — baky bagtymyz

Şu günler ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk şanly toýy mynasybetli baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Olara bagtdan paýly ildeşlerimiz ruhubelentlikde gatnaşýarlar. GÖKDEPE. Etrabyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Ak daňlaryň rysgal bolup atany, Türkmenistan — Bitaraplygyň Watany!» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat köp adamly boldy. Welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Daşary işler

Dost-doganlygyň baýramy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýan düýpli taglymat hökmünde halkymyzyň durmuşyna pugta ornaşdy. Türkmen halky indi 28 ýyl bäri hemişelik Bitaraplygyň eçilen eşretleri bilen ýaşaýar, işleýär, döredýär, gurýar. Ýene-de sanlyja günden bolsa Halkara Bitaraplyk gününi halkara derejede giňden belläp geçer. Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça Kararnamalaryň ençemesi kabul edildi.

Täzelikler

Saýat etrap çagalar sungat mekdebiniň döredijilik toparlary hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna toý sowgatlary bilen barýarlar. Mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gurbanow öz ýolbaşçylyk edýän kirişli saz gurallary topary bilen täze aýdym-sazlary döretmek bilen toýuň dabarasyny has-da artdyrýar. Hususan-da, zehinli aýdymçy şanly senä bagyşlap, «Bitarap Türkmenistan», «Watanym» atly aýdymlary döretdi. Şonuň ýaly-da medeniýet işgärleri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Toýuň Pyragy» atly aýdymy döredip, sungat muşdaklaryna sowgat etdiler. Şu günler meşhur aýdymçy Jumamyrat Gurbanow öz topary bilen etrabyň bilim, medeniýet ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryny guraýar.

Şanly ösüşleriň beýany

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki «Diýar» toý mekanynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdik. Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guran dabaramyzda talyplar Watanymyzyň özgertmelerini belentden wasp etdiler. Çäräniň dowamynda ildeşlerimiz hemişelik Bitaraplygymyz mynasybetli ýürek buýsançlary bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň durnukly ösüşi, halkara işjeňligi, dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän mynasyp orny dogrusynda nygtaldy. Agzybir halkymyzyň asylly maksatlara eýerýän ösüşleriniň, däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň gönezliginde hemişelik Bitaraplygymyzyň durýandygy aýdyldy. Joşgunly aýdymlardyr tanslar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Çärä gatnaşyjylar hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň belende galmagy ugrunda belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Bitaraplyk – buýsanjymyz

Häzirki ajaýyp günlerde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýarys. Şanly Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk türkmen halkynyň hasyl bolan arzuwydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzda we dünýäde gülläp ösüşleriň binýadydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär we äşgär edýär. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat jemgyýetçiliginde asudalyk syýasatyny öňe sürýän oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzyň dünýäde at-abraýyny has-da belende göterýär, ynsanperwer ýörelgelerimizi dabaralandyrýar.

“Bitaraplyk buýsanjymyz, berkarar döwletimiziň röwşen geljegi”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz içeri hem-de daşary syýasatda örän uly üstünlikler gazanýar. Bu üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda giň gerime eýe bolýan hyzmatdaşlyklarynda aýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hukuklary we borçlary halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl özygtyýarly Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygynyň şanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan toý dabaralarynyň maksatnamasynyň çäklerinde Ýer ýüzüniň ähli künjeginde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Olaryň hatarynda iri halkara maslahatlar, metbugat hem-de köpsanly medeni we sport çäreleri bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini berkiden taryhy Kararnama 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bütin halkara jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji, ýubileý mejlisinde kabul edildi. Biziň ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet diýlip yglan edildi! Munuň özi uly jemgyýetçilik seslenmesini

Hemişelik Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň hem-de jebisligiň merkezi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň esasy ýörelgelerine salgylanyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar.  Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli daşary syýasatynyň düýp mazmuny, esasy maksady ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşmakdan ybarat bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär. BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesini sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ar

Durnukly ösüşiň ygtybarly guraly

Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen Türkmenistanyň halkynyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Hut şonuň üçin hem, hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda ägirt uly döredijilikli güýje eýedir. Türkmen Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, mazmuny boýunça oňyn, görnüşi boýunça hemişelik bolup durýar. Ýagny Bitaraplyk hukuk derejesi gelip çykyşy boýunça BMG-niň taryhynda ýeke-täk tejribe bolan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalary bilen tassyklanyldy. Mazmuny boýunça ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda alyp barýan işjeň meýillerini öz içine alýar.

Äleme ýaýylan taglym — bu türkmen Bitaraplygydyr

Şu ýazgylary başlajak wagtym birden paýtagtymyzda şu ýylyň maý aýynyň başynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeler: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat hem-de sergä gelen myhman bilen bolan duşuşyk ýadyma düşdi. Bu foruma dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşypdy. Olaryň arasynda bilermenler, maýa goýujylar, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, alymlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle-de halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, birnäçe ýörite düzümleriň wekilleridir ýolbaşçylary bardy.

Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty dünýä dolýar

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yla­la­şy­gyň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň ha­ky­ky mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy se­bit­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň we goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ne iter­gi ber­di. Türk­me­nis­tan gys­ga wagt­da hal­ka­ra are­na­syn­da öz­bo­luş­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ýan döw­let hök­mün­de özü­ni ta­nat­dy. Yla­laş­dy­ry­jy mer­kez hök­mün­de 28 ýyl­da bi­ti­ren hyz­mat­la­ry ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da beý­gelt­di.

Bitaraplyk — bagtyýarlyk

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Wa­ta­ny­my­zyň oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Wa­ta­ny­myz saý­lap alan dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry bi­len öňe git­me­gi­ni do­wam ed­ýär. Türk­me­nis­tan BMG hem-de onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri, şeý­le-de beý­le­ki köp san­ly iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len hem ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar.

Parahatçylyga çagyryş

Bu gün agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllyk baýramyny aýratyn ruhubelentlik we uly şatlyk bilen toýlaýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitarap diýlip ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy özboluşly nusgawy häsiýete eýedir. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda bitaraplygyň dürli görnüşleri bolup, olar hemişelik, pozitiw, adaty we şertnamalaýyn mazmunlydyr. Bitaraplyk syýasaty degişli sebitlerde we dünýä derejesinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär. Dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orun eýeleýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna

Şanly senä bagyşlanan maslahat Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Türkmenistanyň BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet bolmagy halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan soňky iň uly gymmatlygydyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletiniň asuda ösüşlerine, halkymyzyň parahat, eşretli ýaşaýşyna bakylyk nuruny çaýdy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda hem-de 47 döwletiň awtordaşlyk etmeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna uly ýardam edýändiginiň ykrarnamasydyr.

Bitaraplyk — dünýäniň ýürek aýdymy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň taryhy ýoluna gysgaça nazar aýlamak gyzyklydyr. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurduň Garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň binýatlaýyn hukuk esaslarynyň goýulmagy özbaşdak döwletiň ösüş ýolundaky ilkinji ädimi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG tarapyndan iki gezek resmi ýagdaýda ykrar edildi. Türkmen Bitaraplygy  birinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50-nji mejlisinde hem-de ikinji gezek 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýasy bilen ykrar edildi. Geçen ýyllaryň dowamynda Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, biziň ýurdumyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda baý tejribe toplady.  Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy kemala geldi. Bu bolsa türkmen döwletiniň halkyň asyl ruhy ýörelgelerinden gözbaş alýan Bitaraplyk syýasatynyň üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna gönükdirilendigini görkezýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy, Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi — ak mermerli Aşgabadymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, döwletimiziň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saý

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy

Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Bitaraplyk — buýsanjymyz, berkarar döwletimiziň röwşen geljegi» diýen at bilen geçirilen bu maslahata guramanyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Maslahatda parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly eziz Diýarymyzyň dünýäde ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda öňe sürýän başlangyçlarynyň giň seslenmä we gollanma eýe bolýandygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyzyň agzybir we asuda ýaşaýşyna, jebisligine, ýurdumyzyň ösüşlerine ýetirýän oňyn täsiri dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de çykyşlarda ata Watanymyzyň ýeten belent derejesiniň, häzirki ösüşiniň we halkymyzyň abadan, parahat ýaşaýşynyň hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan daşary we içeri syýasatyndan gözbaş alýandygy nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar halkymyzy berkarar döwletde, galkynyşlar zamanasynda ýaşadýan Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.