Dost-doganlygyň baýramy

6 Dekabr 2023
397

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýan düýpli taglymat hökmünde halkymyzyň durmuşyna pugta ornaşdy. Türkmen halky indi 28 ýyl bäri hemişelik Bitaraplygyň eçilen eşretleri bilen ýaşaýar, işleýär, döredýär, gurýar. Ýene-de sanlyja günden bolsa Halkara Bitaraplyk gününi halkara derejede giňden belläp geçer.

Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça Kararnamalaryň ençemesi kabul edildi.

Amanmuhammet GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.