Bitaraplyk — dünýäniň ýürek aýdymy

30 Noýabr 2023
581

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň taryhy ýoluna gysgaça nazar aýlamak gyzyklydyr. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurduň Garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň binýatlaýyn hukuk esaslarynyň goýulmagy özbaşdak döwletiň ösüş ýolundaky ilkinji ädimi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG tarapyndan iki gezek resmi ýagdaýda ykrar edildi. Türkmen Bitaraplygy  birinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50-nji mejlisinde hem-de ikinji gezek 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýasy bilen ykrar edildi.

Geçen ýyllaryň dowamynda Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, biziň ýurdumyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda baý tejribe toplady.  Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy kemala geldi. Bu bolsa türkmen döwletiniň halkyň asyl ruhy ýörelgelerinden gözbaş alýan Bitaraplyk syýasatynyň üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna gönükdirilendigini görkezýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy, Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi — ak mermerli Aşgabadymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, döwletimiziň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalarynyň netijesidir. Döwletimiziň hoşniýetli, hoşmeýilli oňyn Bitaraplyk taglymaty we syýasaty türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryna kybap gelýän baý medeni taryhyndan, däp-dessurlaryndan, ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýandyr. Alym Arkadagymyzyň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibinde kesgitlenen maksatlary we wezipeleri doly goldap,  maksatnamalaýyn çykyş etmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek aýan etdi.

Begenç NURYÝEW,
Ahal welaýat harby prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.