Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna

1 Dekabr 2023
441

Şanly senä bagyşlanan maslahat

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Türkmenistanyň BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet bolmagy halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan soňky iň uly gymmatlygydyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletiniň asuda ösüşlerine, halkymyzyň parahat, eşretli ýaşaýşyna bakylyk nuruny çaýdy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda hem-de 47 döwletiň awtordaşlyk etmeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna uly ýardam edýändiginiň ykrarnamasydyr.