Täzelikler

5 Dekabr 2023
426

Saýat etrap çagalar sungat mekdebiniň döredijilik toparlary hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna toý sowgatlary bilen barýarlar.

Mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gurbanow öz ýolbaşçylyk edýän kirişli saz gurallary topary bilen täze aýdym-sazlary döretmek bilen toýuň dabarasyny has-da artdyrýar. Hususan-da, zehinli aýdymçy şanly senä bagyşlap, «Bitarap Türkmenistan», «Watanym» atly aýdymlary döretdi. Şonuň ýaly-da medeniýet işgärleri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Toýuň Pyragy» atly aýdymy döredip, sungat muşdaklaryna sowgat etdiler. Şu günler meşhur aýdymçy Jumamyrat Gurbanow öz topary bilen etrabyň bilim, medeniýet ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryny guraýar.