“Bitaraplyk buýsanjymyz, berkarar döwletimiziň röwşen geljegi”

5 Dekabr 2023
295

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz içeri hem-de daşary syýasatda örän uly üstünlikler gazanýar. Bu üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda giň gerime eýe bolýan hyzmatdaşlyklarynda aýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hukuklary we borçlary halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl özygtyýarly Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygynyň şanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan toý dabaralarynyň maksatnamasynyň çäklerinde Ýer ýüzüniň ähli künjeginde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Olaryň hatarynda iri halkara maslahatlar, metbugat hem-de köpsanly medeni we sport çäreleri bar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini berkiden taryhy Kararnama 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bütin halkara jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji, ýubileý mejlisinde kabul edildi. Biziň ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet diýlip yglan edildi! Munuň özi uly jemgyýetçilik seslenmesini döreden ýokary taryhy wajyplygy bolan üýtgeşik waka bolup, garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryny ileri tutan häzirki zaman türkmen döwletiniň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. 28 ýyl mundan ozal ýurdumyzyň saýlap alan ýoly, hakykatdan-da, ykbal çözüji boldy. Bitaraplyk derejesi halkymyzyň jemgyýetçilik aňynda diňe bir pugta ornaşman, eýsem-de, Türkmenistan bilen bütin dünýäniň ýakyndan tanyşmagyna ýardam etdi hem-de onuň Ýer ýüzüniň ähli döwletleri bilen gyzyklanma bildirilýän gepleşiklere açykdygyny görkezdi.