Parahatçylygyň belent ykrarnamasy

6 Dekabr 2023
423

Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga daýanýan gatnaşyklary ýola goýdy. Ýurdumyzyň daşary syýasaty hyzmatdaşlygyň berkarar edilmeginde, bütin dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipelerinde öz beýanyny tapdy. Bu gün parahatçylyk söýüjilikli, netijeli daşary syýasaty alyp barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar.

Bitaraplyk düşünjesi giň mana eýe bolup, onda adamzadyň uzak taryhyň dowamynda döreden parahatçylyk söýüjilik ýoly, halkara we döwletara gatnaşyklarynyň möhüm guraly hem-de ýurduň halkara hukuk ýagdaýyny kesgitleýän syýasy ýörelge jemlenendir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolan 71-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi taryhy waka boldy. Bu bolsa geçen ýyllaryň dowamynda toplanan tejribeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň netijeliligini subut etdi.

Mukam ÖWEZMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň referenti.