Äleme ýaýylan taglym — bu türkmen Bitaraplygydyr

3 Dekabr 2023
648

Şu ýazgylary başlajak wagtym birden paýtagtymyzda şu ýylyň maý aýynyň başynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeler: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat hem-de sergä gelen myhman bilen bolan duşuşyk ýadyma düşdi.

Bu foruma dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşypdy. Olaryň arasynda bilermenler, maýa goýujylar, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, alymlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle-de halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, birnäçe ýörite düzümleriň wekilleridir ýolbaşçylary bardy.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy, «Biznes reklama».