Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy

30 Noýabr 2023
481

Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Bitaraplyk — buýsanjymyz, berkarar döwletimiziň röwşen geljegi» diýen at bilen geçirilen bu maslahata guramanyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly eziz Diýarymyzyň dünýäde ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda öňe sürýän başlangyçlarynyň giň seslenmä we gollanma eýe bolýandygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyzyň agzybir we asuda ýaşaýşyna, jebisligine, ýurdumyzyň ösüşlerine ýetirýän oňyn täsiri dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de çykyşlarda ata Watanymyzyň ýeten belent derejesiniň, häzirki ösüşiniň we halkymyzyň abadan, parahat ýaşaýşynyň hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan daşary we içeri syýasatyndan gözbaş alýandygy nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar halkymyzy berkarar döwletde, galkynyşlar zamanasynda ýaşadýan Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Žanna GURBANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hukuk bölüminiň müdiri.