Hemişelik Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň hem-de jebisligiň merkezi

5 Dekabr 2023
364

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň esasy ýörelgelerine salgylanyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar.  Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli daşary syýasatynyň düýp mazmuny, esasy maksady ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşmakdan ybarat bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär. BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesini sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz täze taryhy eýýamyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň eşretli günlerinde özüniň ykdysady-durmuş özgertmeleri, öňe sürýän halkara ähmiýetli döwrebap taslamalary bilen dünýäde mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar we baý ýerasty hem-de ýerüsti resurslary, geografiki taýdan amatly ýerleşişi, durnukly ösýän jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy bilen, geljegi örän uly ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde barha özüne çekiji döwlete öwrülýär.