"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Abadançylygyň binýady

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. Uludan toýlanan Halkara Bitaraplyk güni hem ýakymly duýgular bilen ýatda galdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Şu senede Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasynyň esasynda, gurama agza 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu resminama 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde gurama girýän 193 döwletiň ählisi tarapyndan biragyzdan ikinji gezek kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam bildirmek we ýardam bermek esasynda gatnaşyklary ösdürip, köp ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklary ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Bitaraplyk — dillerimiziň senasy

ÖŇŇIN Halkara Bitaraplyk güni biziň welaýatymyzda hem joşgunly dabaralara beslenip, giňden toý edildi. Aýdym-sazly dabaralar, baýramçylyk duşuşyklarydyr söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolup, olara bagtyýar ildeşlerimiz egsilmez hyjuw bilen gatnaşdy. ÄNEW. Toý gününiň säherinde şanly sene mynasybetli Mukaddeslik meýdançasynda geçirilen Döwlet baýdagymyzy belende götermek dabarasy baýramçylyk çäreleriniň badalgasyna öwrüldi. Welaýat derejesindäki dabara welaýat häkimliginiň, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşlar we beýleki ildeşlerimiz gatnaşdy. .

Bitaraplygyň mekany

Ýer ýüzünde parahatçylygyň merkezi hökmünde tanalýan Türkmenistan Watanymyzda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni ýokary derejede bellenip geçildi. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilen halkara maslahatlar, medeni çäreler Garaşsyz döwletimiziň saýlap alan hoşniýetli Bitaraplyk ýoluna baky wepalydygyny ýene bir gezek bütin dünýä görkezdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda tanalýan hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara derejesinde uly ösüşler gazanýar, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň çägini barha giňeldýär. Parahatçylygyň merkezi, dost-doganlygyň ýurdy bolan hemişelik Bitarap Watanymyz asudalygyň, gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Baýdak galdyryş dabarasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ýerinde bolşy ýaly, Halkara Bitaraplyk güni biziň welaýatymyzda-da şatlyk-şowhuna beslenip, bellenilip geçildi. Toýlary toýlara ulaşýan Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda buýsançly sepgitlere eýe bolýar. Türkmen halky tutanýerli zähmet çekişi ýaly, toýlaryny uludan tutmagy başarýar.

Bitaraplyk — parahatçylygyň baýdagy

Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk syýasaty parahatçylyk we dostluk taglymatydyr” diýen at bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata professor-mugallymlar, talyplar, aspirantlar we önümçilikde işleýän işgärler gatnaşdylar.

Toýlary toýlara ulaşýan Diýarym

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygynyň baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletiň daşary syýasatynyň esasydyr” at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly, hormatly jenap Rasoul Jafari, Owganystanyň Mary şäherindäki Baş konsulynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, hormatly jenap Said Kuraýishi gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow alyp bardy. Dabaraly maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň attaşesi Guwanç Çaryýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly hormatly jenap Rasoul Jafari, Owganystanyň Mary şäherindäki Baş konsulynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hormatly jenap Said Kuraýishi, Mary şäher häkimliginiň garamagyndaky “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdir

Gülläp ösüşleriň waspy ýetirildi

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Çärjew etrap häkimligi jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde Kiştiwan şäherçesindäki «Ak altyn» toý mekanynda baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna dünýä ýüzünde uly hormat goýujylyk duýgusy bilen garalýandygyna, bu syýasatyň biziň ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda durýandygyna aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan beýik işleriň we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň şu syýasatyň miwesidigi baradaky pikir çykyşlaryň özenini düzdi. Döwletimiziň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynyň netijesinde dünýä ýurtlary we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanýandygy, bu syýasatyň baş maksadynyň parahatçylyk arkaly gülläp ösüşlere gönükdirilendigi hakynda täsirli söhbetler edildi. Etrabyň sungat ussatlary bolsa özleriniň aýdym-sazlary arkaly hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli syýasatyny, mähriban Watanymyzy, parahat Zeminimizi, asuda asmanymyzy wasp etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Döredijilik ruhuna beslenen we Watanyna çäksiz buýsanjy bolan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy. Asylly däbe görä, şu gün esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ählumumy parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine

Watanymyzyň Bitaraplygyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Döredijilik ruhuna beslenen we Watanyna çäksiz buýsanjy bolan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy. Asylly däbe görä, şu gün esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Döredijilik ruhuna beslenen we Watanyna çäksiz buýsanjy bolan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy. Asylly däbe görä, şu gün esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ählumumy parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine

Watanymyzyň Bitaraplygyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.

Bereket etrabynda täze şäherçe — Galkynyş

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde, ýagny geçen anna güni Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde, Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gaýrasynda gurlan Galkynyş atly täze, döwrebap şäherçäniň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy. Şanly baýramçylygyň bosagasynda Bereket etrabynyň çäginde 300 hojalyga niýetlenen şäherçäniň açylyşy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri boldy.

Döwletli ojaklaryň ýylysy

Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygynyň toý dabaralary Lebap welaýatynda şatlykly wakalara, unudylmajak bagtly pursatlara beslendi. Şanly baýramyň uludan toýlanýan günleri, ýagny 10-njy dekabrda Türkmenabat şäheriniň agzybir maşgalalarynyň uly topary täze jaýdan öý alyp, toý tutmak bagtyna eýe boldular. Jaý toýlary bilen baglanyşykly dabaraly çäreler Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan uly ýoluň ugrunda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde her biri 32 maşgala niýetlenen, 4 gatly jaýlaryň 40-sy ulanylmaga berildi. Ähli amatlyklary bolan döwrebap jaýlara jemi 1280 maşgala göçüp geldi. Esasan, 2-3 otagdan ybarat täze jaýlarda ýaşaýjylar üçin ähli şertler döredilipdir. Öýleriň giň aşhanasy, myhmanlara niýetlenen ýörite jaýy we çagalar otagy zerur durmuş hajatlary bilen üpjün edilipdir. Baýramçylyk gününde täze jaýdan öýli bolan bagtyýar maşgalalar toý sowgadyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşly sözlerini aýtdylar. Umumy meýdany 96 gektara barabar bolan täze ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Baýramçylyk dabaralary

Düýn — 12-nji dekabrda türkmenistanlylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 27 ýyllygyny uludan baýram etdi. Şol gün Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň — parahatçylyk söýüjiligiň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Abadançylygymyzyň binýady

Türkmen halkynyň at-abraýyny halkara derejede belende göteren hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň parahatçylyga, demokratik kadalara esaslanýan ynsanperwer ýörelgeleriniň asyrlardan-asyrlara ýol salan dowamatydyr. Hemişelik Bitaraplyk pähimdar pederlerimiziň berkarar döwletde ýaşamak ýaly gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy. Türkmenistan gysga wagtyň içinde halkara giňişliginde özüni özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde tanatdy. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barmak bilen, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, halkara gatnaşyklarynda mynasyp orny eýeleýär.

Bitaraplyk — bagtymyz

Türkmen halky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllyk toýuny uludan toýlady. Bitaraplyk — türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başy hasaplanýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyzyň aladalary bimöçberdir. Hemişelik Bitaraplyk barada gürrüň açylanda, türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köpri göz öňüňde janlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk, hoşniýetli gatnaşyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy. Ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy.

Dialog medeniýeti işjeň ilerledilýär

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň BMG-niň düzümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata abraýly halkara we sebitara guramalaryň, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, halkara bilermenler çagyryldy. Ýokary derejede geçirilen umumy mejlisiň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlarda we halkara guramalaryň, BMG-niň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň maslahata iberen wideoýüzlenmelerinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hem-de köptaraply häsiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, daşary ýurtlaryň wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary onlaýn we beýleki görnüşlerde çykyş etdiler.

Bitaraplyk — hoşniýetliligiň şuglasy

Parahatçylyk söýüjilik, doganlyk halklara, olaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat bilen garamak türkmen Bitaraplygynyň binýatlyk ölçegleriniň biri bolup, bu ýörelgeler daşary syýasatymyzda we diplomatiýamyzda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasy dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir hem-de ol BMG-niň maksatnamalaryna gabat gelýändigi, sebitde halkara ylalaşdyryjylyk tagallalaryny berkidýändigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyz özüniň hoşniýetli, oňyn daşary syýasatynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Türkmenistan bu günki gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup, özüniň Esasy Kanunynda berkidilen halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny nusgalyk derejede goldaýar. Merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasaty doly ýola goýuldy. Bu syýasatyň many-mazmuny türkmen ynsanperwerligine, dostanalygyna eýerilip, yzygiderli baýlaşdyrylýar.

Watanymyzyň halkara abraýy pugtalanýar

Mälim bolşy ýaly, 9-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Türkmenistan döwletimiz halkara giňişlikde dünýä döwletleri bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen hem dürli ugurlar babatda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Işjeň, netijeli hyzmatdaşlygyň netijesinde, bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 20-nji Kararnamadyr. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygyny alamatlandyrýar. Çünki Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alyp, milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam berip gelýär. Sebäbi sözüň doly manysyndaky durnukly ösüşe diňe dünýä halklarynyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün edilen ýagdaýynda eýe bolmak mümkin.