Bitaraplyk — hoşniýetliligiň şuglasy

12 Dekabr 2022
623

Parahatçylyk söýüjilik, doganlyk halklara, olaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat bilen garamak türkmen Bitaraplygynyň binýatlyk ölçegleriniň biri bolup, bu ýörelgeler daşary syýasatymyzda we diplomatiýamyzda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasy dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir hem-de ol BMG-niň maksatnamalaryna gabat gelýändigi, sebitde halkara ylalaşdyryjylyk tagallalaryny berkidýändigi bilen tapawutlanýar.

Ýurdumyz özüniň hoşniýetli, oňyn daşary syýasatynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Türkmenistan bu günki gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup, özüniň Esasy Kanunynda berkidilen halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny nusgalyk derejede goldaýar. Merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasaty doly ýola goýuldy. Bu syýasatyň many-mazmuny türkmen ynsanperwerligine, dostanalygyna eýerilip, yzygiderli baýlaşdyrylýar.

Perman BERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.