Döwletli ojaklaryň ýylysy

13 Dekabr 2022
716

Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygynyň toý dabaralary Lebap welaýatynda şatlykly wakalara, unudylmajak bagtly pursatlara beslendi. Şanly baýramyň uludan toýlanýan günleri, ýagny 10-njy dekabrda Türkmenabat şäheriniň agzybir maşgalalarynyň uly topary täze jaýdan öý alyp, toý tutmak bagtyna eýe boldular. Jaý toýlary bilen baglanyşykly dabaraly çäreler Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan uly ýoluň ugrunda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde her biri 32 maşgala niýetlenen, 4 gatly jaýlaryň 40-sy ulanylmaga berildi. Ähli amatlyklary bolan döwrebap jaýlara jemi 1280 maşgala göçüp geldi.

Esasan, 2-3 otagdan ybarat täze jaýlarda ýaşaýjylar üçin ähli şertler döredilipdir. Öýleriň giň aşhanasy, myhmanlara niýetlenen ýörite jaýy we çagalar otagy zerur durmuş hajatlary bilen üpjün edilipdir. Baýramçylyk gününde täze jaýdan öýli bolan bagtyýar maşgalalar toý sowgadyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşly sözlerini aýtdylar. Umumy meýdany 96 gektara barabar bolan täze ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.