Abadançylygyň binýady

13 Dekabr 2022
496

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. Uludan toýlanan Halkara Bitaraplyk güni hem ýakymly duýgular bilen ýatda galdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Şu senede Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasynyň esasynda, gurama agza 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu resminama 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde gurama girýän 193 döwletiň ählisi tarapyndan biragyzdan ikinji gezek kabul edildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam bildirmek we ýardam bermek esasynda gatnaşyklary ösdürip, köp ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklary ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Şeker GOŞAÝEWA,
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.