Dialog medeniýeti işjeň ilerledilýär

12 Dekabr 2022
513

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň BMG-niň düzümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata abraýly halkara we sebitara guramalaryň, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, halkara bilermenler çagyryldy. Ýokary derejede geçirilen umumy mejlisiň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlarda we halkara guramalaryň, BMG-niň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň maslahata iberen wideoýüzlenmelerinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hem-de köptaraply häsiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, daşary ýurtlaryň wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary onlaýn we beýleki görnüşlerde çykyş etdiler.

"Nesil".