Bitaraplygyň mekany

13 Dekabr 2022
583

Ýer ýüzünde parahatçylygyň merkezi hökmünde tanalýan Türkmenistan Watanymyzda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni ýokary derejede bellenip geçildi. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilen halkara maslahatlar, medeni çäreler Garaşsyz döwletimiziň saýlap alan hoşniýetli Bitaraplyk ýoluna baky wepalydygyny ýene bir gezek bütin dünýä görkezdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda tanalýan hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara derejesinde uly ösüşler gazanýar, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň çägini barha giňeldýär. Parahatçylygyň merkezi, dost-doganlygyň ýurdy bolan hemişelik Bitarap Watanymyz asudalygyň, gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Nurly MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.