Toýlary toýlara ulaşýan Diýarym

13 Dekabr 2022
499

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygynyň baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletiň daşary syýasatynyň esasydyr” at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly, hormatly jenap Rasoul Jafari, Owganystanyň Mary şäherindäki Baş konsulynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, hormatly jenap Said Kuraýishi gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow alyp bardy.

Dabaraly maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň attaşesi Guwanç Çaryýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly hormatly jenap Rasoul Jafari, Owganystanyň Mary şäherindäki Baş konsulynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hormatly jenap Said Kuraýishi, Mary şäher häkimliginiň garamagyndaky “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarykulyýewa, TDEI-niň ylmy işler boýunça prorektory Aganyýaz Jumaýew, welaýat baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary Döwran Saryýew, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy Gülbahar Nazarowa, Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni Annamyrat Hotjyýew çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren bagty, peder ýoluny ýöredýän Arkadagly Serdarymyzyň goňşy döwletler bilen alyp barýan dost-doganlykly ýoly dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolan günümizden ähli ulgamlarda gazanylýan uly üstünlikler, öňegidişlikler barada nygtadylar.