Bitaraplyk — bagtymyz

12 Dekabr 2022
804

Türkmen halky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllyk toýuny uludan toýlady. Bitaraplyk — türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başy hasaplanýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyzyň aladalary bimöçberdir. Hemişelik Bitaraplyk barada gürrüň açylanda, türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köpri göz öňüňde janlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk, hoşniýetli gatnaşyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy. Ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy.

Güljahan ARTYKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.