Watanymyzyň halkara abraýy pugtalanýar

12 Dekabr 2022
476

Mälim bolşy ýaly, 9-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy.

Türkmenistan döwletimiz halkara giňişlikde dünýä döwletleri bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen hem dürli ugurlar babatda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Işjeň, netijeli hyzmatdaşlygyň netijesinde, bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 20-nji Kararnamadyr. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygyny alamatlandyrýar. Çünki Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alyp, milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam berip gelýär. Sebäbi sözüň doly manysyndaky durnukly ösüşe diňe dünýä halklarynyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün edilen ýagdaýynda eýe bolmak mümkin.

Jennet GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.