Bitaraplyk — dillerimiziň senasy

13 Dekabr 2022
622

ÖŇŇIN Halkara Bitaraplyk güni biziň welaýatymyzda hem joşgunly dabaralara beslenip, giňden toý edildi. Aýdym-sazly dabaralar, baýramçylyk duşuşyklarydyr söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolup, olara bagtyýar ildeşlerimiz egsilmez hyjuw bilen gatnaşdy.

ÄNEW. Toý gününiň säherinde şanly sene mynasybetli Mukaddeslik meýdançasynda geçirilen Döwlet baýdagymyzy belende götermek dabarasy baýramçylyk çäreleriniň badalgasyna öwrüldi. Welaýat derejesindäki dabara welaýat häkimliginiň, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşlar we beýleki ildeşlerimiz gatnaşdy. .

SURATLARDA: baýramçylyk dabaralaryndan pursatlar.