"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ahalteke bedewlerimiziň şanyna

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Şahsy düzümiň arasynda ahalteke bedewlerimiziň şanyna geçirilýän çärelere Serhet gullugynyň tejribeli harby gullukçylary, degişli hünärmenleri hem gatnaşdylar. Şeýle çärelerde ilkinji gürrüňler ahalteke bedewlerimiziň dünýäde saýlama hem seýrek duş gelýän atlardygy, olaryň gelip çykyşy, aýratynlygy hakynda boldy. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda atçylyk pudagymyzyň, seýisçilik sungatymyzyň ösdürilişi, Watan goragyny alyp barmakda, hususan-da, dost-doganlyk araçäklerimizi goramakda ahalteke bedewlerimiziň gulluk atlary hökmünde peýdalanylyşy barada gürrüň edildi. Türkmen bedewlerine bagyşlanan şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar at-owazasy äleme dolan milli baýlygymyzyň — ahalteke bedewlerimiziň elmydama giň sähralarymyzy bezäp, aýlawlarymyzy baglap durmaklaryny arzuw etdiler.

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, gazanylýan zähmet üstünlikleri milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini has-da dabaralandyrýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 29-njy martynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere garap, haýyr-sahawat gaznasyny döretmek barada pikire gelendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüniň manysy hasap edipdirler. Bu ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmegiň ýaşlarymyzy asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, birek-birege goldaw bermek ýaly ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Parasatly Prezidentimiziň şular barada aýtmak bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek boýunça resminama gol çekmegi ähli halkymyzy guwandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyjy esasynda döredilen bu gaznany «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» diýip atlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Kararyň kabul edilmegi ildeşlerimiziň hormatly Prezidentimize bolan belent sarpasynyň aýdyň beýanydyr. Munuň özi G

Şanly toýlara buýsanç

Şu günler halkymyz döwlet derejesinde belleniljek goşa toýa giňden taýýarlyk görýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hem-de gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakalarynyň hatarynda iň esasylarydyr. Ilkibaşda kiçeňräk oba bolan Aşgabat geçen taryhy döwrüň içinde ösüp-örňäp, häzirki derejesine etdi. «Adam eli gyzyl gül» diýleni, birwagtky obanyň ornunda ajaýyp, döwrebap, häzirki zaman şäheri kemala gelip, Aziýanyň merjen şäheri adyna eýe boldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

Toýlara beslenýän diýarym Gahryman Arkadagymyzyň makullamagy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyly uly ýeňişlere, taryhy wakalara besleýän il-günümiz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bagtyýar geljege barýar. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň ösüşleri 30 ýyl mundan ozal gazanylan Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alyp gaýdýar. Garaşsyzlygyň ak ýoluna düşen özbaşdak, özygtyýarly ýurdumyz adamzat taryhy üçin gysga wagtda uly ösüşlere eýe boldy.

Döwrümiziň binagärlik keşbi

Aşgabat şäheri — ahalteke bedewleriniň mekanynyň paýtagty. Şäheriň binalarynyň bezeginde türkmen bedewleriniň keşbi milli buýsanjymyzyň, bedew batly ösüşlerimiziň hem-de pederlerimiziň şöhratly ýolunyň beýany bolup görünýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheri irki döwürlerden bäri, ahalteke atçylygynyň ösen merkezleriniň biridir. Şol döwürler Gyrsakar, Tyllaguş, Mele, Ýel, Ülker ýaly dünýä meşhur bedewler seýislenipdir. Häzirki döwürde Aşgabatda ýerleşýän atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplara laýyklykda guramak bilen, türgenler we bedew janköýerleri üçin amatly şertler döredildi. Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär.

Toý lybasly Watanym

Berkarar Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Şu ýylyň altyn güýzünde uludan toýlanjak bu ajaýyp senäni — naýbaşy toýy bagtyýar ildeşlerimiziň her biri mynasyp zähmet sowgady, ýokary iş görkezijileri bilen garşylamagy maksat edinýär. Şeýle bolansoň, bu gün eziz Diýarymyzda zähmet gaýnap joşýar, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly sepgitlere ýetilýär. Ösüş-özgertmelere beslenen berkarar Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň toý ruhunda açylyp, işe girizilmegi hem guwanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Her bir güni toý-baýrama beslenýän eziz Watanymyzda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň halkynyň, şol sanda ýaş nesilleriň durmuşynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp günlerinde dowam edýändigine buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmyň, bilimiň ösmegine uly üns berýär, ýaşlaryň bilim almagyna giň mümkinçilik döredýär. Biziň ata-babalarymyz ylmyň-bilimiň gadyr-gymmatyna gowy düşünipdirler. Olar ylym-bilim barada parasatly sözleri döredipdirler. Şonuň üçin ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmaklary hakynda çuňňur alada edipdirler. Şeýle hem pähimdar pederlerimiz durmuşyň kynçylygyna sezewar bolan çagalara, adamlara hemaýat edipdirler, olara kömek etmegi asylly ýörelge hasaplapdyrlar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerimiz döwrebap ösdürilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan hakynda uly aladalar edilýändigini, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär.

Garaşsyz Diýar

Gül-gülälek geýinen Watanym bar Garaşsyz,Bu ösüşli ýollarda kemalym bar Garaşsyz,Geljege umyt bilen bakanym bar Garaşsyz,Bu illerde, illerde bagy-bossan Garaşsyz! Belent dagym howalap, serin tutar, Garaşsyz,Çeşme-çaýlar şildiräp, bal suw akar, Garaşsyz,Päk gülleriň gunçasy öwşün atar, Garaşsyz,Ösüşe sary barýan ajap mekan, Garaşsyz!

Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu resminamanyň esasynda şol günüň özünde milli hem-de daşary ýurt pulunda degişli bank hasaplary açyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Garaşsyzlyk — baky bagtyň güwäsi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek ýyly hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylar. Çünki ýurdumyzyň Garaşsyzlyga eýe bolan güni halkymyzyň alnyndan ak Günüň dogan, depesine bagt guşunyň gonan senesidir. Türkmen halky ýurt Garaşsyzlygyny gazanan gününden bäri pederlerimiziň arkama--arka gelýän milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini deňli-derejeli dowam etdirmäge, toý-baýramlaryny toýlamaga, tebigy baýlyklaryndan netijeli peýdalanmaga, dünýä jemgyýetçiliginde bolup geçýän möhüm meseleleriň çözülmegine öz sesini goşmaga hem-de öz ykdysady ösüşleri bilen dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmaga ähli mümkinçiliklere eýe boldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, adamlaryň dünýägaraýşy düýpli özgerdi. Olarda watançylyk duýgusy, öz Watanyna bolan buýsanç, eziz Diýara bolan söýgi artdy.

Arkadagyň ak ýolunyň ýaraşygy sagdynlyk

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz öz şöhratly taryhyndaky şanly seneleriň birine barha golaýlaşýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Dünýäde deňli-derejeli döwlet hökmünde üç onlugy arka atan eziz Watanymyzyň şol döwrüň içinde ýeten belent sepgitlerine, gazanan ösüşlerine ser salanyňda, elbetde, Garaşsyz Türkmenistanyň raýaty hökmünde kalbyň guwançdan, buýsançdan dolup, başyň gök direýär. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletiň raýaty bolmagyň özüniň neneňsi uly bagtdygy hakynda pikir edip görüň! Ýer ýüzünde ýurdumyza nähili hormat--sarpa goýulýandygyna-da biziň her birimiz şaýat bolup ýörüs. Obalarymyz, şäherçelerimiz, şäherlerimiz owadanlykda, arassalykda, bagy-bossanlyga beslenmekde nusgalyk derejä ýetdi diýsek, biziň bilen ylalaşmajak tapylmaz. Onsoň «Döwrümiz bar döwürlerden zyýada» diýen jümläniň Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne degişlidigini buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr. Elbetde, her bir döwlete raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesine görä baha berilýändigi öz-özünden düşnükli. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi bolsa, ilkinji nobatda, olaryň saglygynyň goralyşy we berkidilişi, şol ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin beden

Ak bagtym sen, paýtagtym!

Watan diýlende, ilki bilen, gözümiziň öňünde ajaýyp gözelligi, owadanlygy bilen Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilen paýtagtymyz Aşgabadyň nurana keşbi janlanýar. Al-elwan güller, bagy-bossanlyk, tebigat bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýän seýilgähler, belent-belent binalar: kaşaň köşkler, muzeýlerdir myhmanhanalar, ylym--bilim ojaklary, sport desgalary... paýtagtymyza gelen, bu gözellikleri synlan her bir adamda hiç haçan unudylmajak ýakymly täsirleri galdyrýar. Bagtyýar raýatlaryň ýaşamaklary üçin bu ýerde döredilýän diýseň oňat şertleriň milli Liderimiziň halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän taýsyz tagallalaryndan, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça belent sepgitleri nazarlaýan başlangyçlaryndan gözbaş alýandygyny bellemek örän ýakymlydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesini ruhubelentlik bilen belläp geçer. Döwrümiziň taryhyna zer harplar bilen ýazyljak, agzybir halkymyzyň mähriban Arkadagymyza bolan söýgi-buýsanjynyň egsilmezdiginiň aýdyň beýanyna öwrüljek, paýtagtymyzyň gözelliginiň, Watanymyzyň ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýetiriljek baýramçylyk dabaralary kalplary ylham nuruna beslär. Goý, şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri r

Eşretli zamanaň altyn şuglasy

Döwletli döwrüň şäherçesi Döwletli etraby. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen, 10 ýyldan soňra bolsa çäkleri has hem giňeldilen bu etrabyň ozal käbir obalarydyr şäherçelerine ýolum düşen hem bolsa, Döwletli şäherçesiniň hut özüne ilkinji gezek gelip görýändigimi gizlemäýin. «Adam eli ― gyzyl gül» diýleni çyn-ow! Bu ýerleriň ozal ýaýylyp ýatan düzlükdigi mese-mälim. Muny Amyderýanyň sag kenarynda geçilen ýollaryň ep-esli kilometri hem tassyklaýar. Ýöne gözýetime çenli giňäp gidýän düzlüklerden soň, kaşaň derwezeli bir şäher başlaýar welin, asyl, oňa «şäherçe-de» diýesiň gelenok. Hormatly Prezidentimiziň bu ýerlere aýagy düşüpdir. Ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar, aýna ýaly köçeler... Bu ýerde ynsan üçin döredilen eşretleriň sany-sajagy ýok. Ähli döwrebap mümkinçilikleri bolan şäherçe milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda gurlan we gurulýan şeýle şäherçeleriň diňe bir mysaly. Lebapda Döwletli bilen döwürdeş gurlan şäherçeleriň hatarynda Garlyk şäherçesi we Berkarar zaman obasy hem bar. Ýene-de dört sany şeýle şäherçe peýda bolup gelýär.

Beýik işler dowamat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň 3-nji aýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysyna aýdyň sahypalary ýazyp, iri jemgyýetçilik-syýasy wakalara baý boldy. 1, 11, 15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlaryny geçirdi. Olaryň barşynda özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, şol sanda şäher gurluşygy ulgamynda alnyp barylýan özgertmelere bagyşlanan meselelere garaldy.

Arkadagyň bagt ganaty — Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi günsaýyn özgerýär, onuň gül görki gaýtalanmajak gözellige beslenýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde häzirki wagtda ajaýyp binagärlik hem ekologik aýratynlyklary boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze döwrümiziň döredijilik kuwwatyny halkymyzyň asyrlara ýalkym saçýan gurmak ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmak esasynda dürli öwüşginli, belent başly desgalar bina edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ganaty, halkymyzyň ak bagty bolan bu günki Aşgabat dünýäniň ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda mynasyp orun aldy. Şu ýyl gözel paýtagtymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly sene, Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy ýokary derejede bellenilip geçilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanylýan ýylyny bezäp-besleýän bu şatlykly senäni giňden dabaralandyrmak ugrunda taýýarlyk işlerine şu günlerden giň gerim berildi. Günden nur, gülden görk alýan şäheriň gözel durkunda döredijilikli zähmetiň, bagtyýar durmuşyň, egsilmez eşretleriň synmaz ruhy duýulýar. Giň hem göni şaýollarda artýan joşgunly hereketde bereket-bolçulygyň, ýurdumyzyň joşgunly ösüşiniň aýdyň alamatlaryny görmek bolýar. Şäher gurluşygynyň dünýä tejribesindäki hem-de milli binagärlik däplerindäki iň ösen talaplaryna laýyk gelýän her b

Durmuş rowaçlygyna goşant

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitinde «Internasional Ltd.» Hytaýyň milli Nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň Gündogar gaz käninde täze gaz ýygnaýjy beketler işe girizildi. Olar dünýäniň iň kämil enjamlary bilen abzallaşdyrylyp, ähli tehnologik işler awtomatik usulda alnyp barylýar. Tebigy gaz ýygnaýjy beketlerden gaz geçirijiler arkaly ilkinji gaz taýýarlaýjy desgasyna ugradylýar. Bu desgada onuň düzümindäki suwuklyklar bölekleýin bölünip aýrylýar we guradylýar. Bölünip çykarylan gaz kondensaty we arassalanylan gaz magistral gaz geçirijileri arkaly gazy gaýtadan işleýän zawoda ugradylýar. Şeýlelik bilen önümçiligiň gidişi dyngysyz alnyp barylýar. Önümçilik kärhanalarynda türkmen we hytaý hünärmenleri agzybirlikde zähmet çekýärler. Işgärleriň hünär we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen raýat goranyşy we ýangyn howpsuzlygy boýunça çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle-de bu ýerde möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi hem berk ýola goýuldy. Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 6-njy ýangyn howpsuzlyk otrýadynyň garamagyndaky 574-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň, şahamçanyň önümçilik kärhanalarynyň zähmeti goramak, saglyk, daşky gurşaw we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hünärmenleri tarapyndan öňüni alyş, wagyz-ündew işleri hem-de barla

Garaşsyzlyk — röwşen geljegiň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejeleriniň sazlaşykly ösdürilmegi döwletimiziň halkara jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň halkymyzyň gadymy ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýandygy çuň manyly beýan edilýär. Kitapda bu asylly ýörelgeleriň halkymyzyň we döwletimiziň röwşen geljegine ýol salýan gymmatlyklardygy nygtalýar. Garaşsyzlyk baýramy türkmen halkymyz üçin mukaddeslik derejesine eýe bolan milli baýramlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň beýik taryhy mirasynyň, medeniýetiniň, däpleriniň, dünýägaraýşynyň hem-de durmuş ýörelgeleriniň, millilige, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan milli baýramlarymyzyň gözbaşynyň tereňligidir, müdimiligidir» diýip belleýär. Bu baýram halkymyzyň üstünlikleriniň ylham çeşmesidir. Garaşsyzlyk halkymyzyň geçmişini, şu gününi we geljegini berk baglaýan düşünjedir. Ol ata-babalarymyzyň ençeme asyrlap özbaşdak döwlet gurmak hakynda eden arzuw-islegleriniň durmuşa geçirilmesidir.

Ajap eýýamyň şanly ýyly

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllarynda ata Watanymyz ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmakdaky gadamlary ýylsaýyn batlanýar. Milli Liderimiziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde il-günümiz parahatçylykly, abadan durmuşyň hözirini görýär. Türkmen döwletimiziň halkara abraýy arşa çykýar. Şu ösüşli depgin döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da rowaç alýar. Bu ýylyň sözüň doly manysynda şanly ýyl boljakdygy guwandyrýar. Sebäbi, indi uly toýuna ykjam taýýarlyk görülýän ak mermerli şäher hökmünde at-owazasy dünýä dolan Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy barha golaý gelýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýene bir taryhy wakasy bolsa, Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramydyr. Bu taryhy sene şöhratly geçmişli, ertiri abadan ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Döwletli döwranymyzyň gözbaşynda mukaddes Garaşsyzlygymyz durup, ýagşy ertirimize şöhlesini saçýar.

Geljegi nazarlaýan ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda welaýatlarymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny açyp görkezýän täze binalaryň, desgalaryň hem-de döwrebap obalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi türkmen döwletliliginiň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi, sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň anyk beýany bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda, döwletimiziň yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşleriniň her bir ugrunyň dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen utgaşykly sazlaşýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda mähriban halkymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamaga taýýarlyk görýär. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyz tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Munuň özi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri üçin iň gowy şertleriň döredilm

Paýtagtymyzda abadanlaşdyryş işleri geçirilýär

Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz 24-nji fewralda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçiren maslahatynda degişli ýolbaşçylara bu şanly senä gabatlanyp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onuň arassaçylygyna ünsi güýçlendirmek babatynda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, ony dünýäniň iň gözel we arassa, ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň birine öwürmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu günler paýtagtymyzda giň gerimli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyrylýar. Geçen şenbe we ýekşenbe günleri paýtagtymyz boýunça nobatdaky arassaçylyk çäresine has-da giň gerim berildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary işjeň gatnaşdylar.