"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 14-nji apreli) Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary!

Äleme şugla saçýan merjen paýtagt

Milleti ýagty geljeginiň hatyrasyna döwletli tutumlaryň başyna jemlemäge ukyply beýik şahsyýetler şöhratly taryhy döretmegi başarýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň nurana ýol-ýörelgesi, oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzyň şöhrata beslenýän täze eýýamy bu gün dünýä ýaň salýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän gözel paýtagtymyzy ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly uly işler amala aşyrylýar. Olaryň hukuk esasy degişli kanunçylyk namalary bilen berkidilýär.

Agzybirlik üstünliklere badalga

Mälim bolşy ýaly, 14-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasy açylyp, onda Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistan döwletimiziň gurluşynda täze kanun çykaryjy edara bolan Halk Maslahatynyň döredilmegi halkymyzyň göwün guşuny göge göterdi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy bolsa halkymyzda has-da uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary, döwletli çözgütleri bilen belent-belent derejelere, guwandyryjy ösüşlere ýetilýändigi hemmämize aýan hakykatdyr.

Bagtyýarlygyň höziri

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanda dünýä derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy goramakda hem-de berkitmekde, dünýäniň dürli ýerlerinde ýüze çykýan howplara garşy durmakda, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekde, azyk bolçulygyny döretmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýola goýmakda uly işler ýerine ýetirilýär. Bu beýik işler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda-da üstünlikli dowam etdirilýär.

Buýsanjymyzyň çägi ýok

Soňky ýyllarda döwrümiziň beýik binagäri — hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, gözelligi we oýlanyşyklylygy babatda paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbi döredildi. Ol häzirki zamanyň ýaşaýyş jaý toplumlaryny we bagy-bossanlyklary, durmuş ähmiýetli möhüm desgalary, belent binalary özünde sazlaşykly jemläp, jemgyýetçilik-syýasy, işewürlik, medeni we sport durmuşynyň merkezlerini emele getirýär. Paýtagtymyzyň Arçabil şaýoly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň alamatyna öwrüldi. Onuň ugrunda bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde ak mermerli binalaryň onlarçasy peýda boldy. Iň döwrebap derejedäki Çandybil şaýoly hem Köpetdagyň eteginde şäheriň şu bölegini gurmagyň täze baş ugruna öwrüldi. Halk Maslahatynyň Diwany bu ýerde gurlan täze bina göçüp geldi.

Ösüşleriň täze sepgitleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň binagärlik keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Gözel paýtagtymyz Aşgabat iri şähergurluşyk taslamalarynyň merkezine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, düýn paýtagtymyzda milli Liderimiziň ak patasy bilen Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, Türkmenistanyň Kabul ediş merkezi açyldy. Bu dabaralar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň baýramçylyk çärelerini täze mazmun bilen baýlaşdyrdy. Şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçdi.

Alkyş size, Arkadag!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji aprelinde ak mermerli paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Oňa welaýatymyzdan hem ildeşlerimiziň uly toparyna gatnaşmak miýesser etdi. Ýörite habarçymyz şeýle ajaýyp bagta mynasyp bolanlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi. Allanur GÖKJÄÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy:

Gözelligiňe älem haýran, Aşgabat!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýedir» diýip, bellemegi durmuşa geçirilýän işlerde aýdyň beýanyny tapýar. Paýtagt — ýurduň ýüzi, paýtagt — ýurduň ýüregi. Döwletiň ösüşi, ruhy-medeni galkynyşy paýtagtyň keşbinde aýdyň görünýär. Döwlet Baştutanymyzyň Aşgabady uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategik meselelerine aýratyn üns bermegi onuň çäk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, raýatlaryň has oňaýly ýaşamaklary we dynç almaklary üçin zerur şertleri döretmäge, ekologiýa deňagramlylygyny saklamaga gönükdirilendir. Şäher gurşawynyň şertleriniň ýaşaýyş üçin amatly bolmagy, onda önümçiligiň dürli görnüşleriniň guralmagy şahsyýetiň köpugurly durmuş işjeňligine giň mümkinçilikleri döredýär.

Aziýanyň merjeni

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde häzirki zaman hem-de milli binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp keşpli desgalar, ýokary öndürijilikli kärhanalar, sport we medeni merkezler bina edilip, bilim-ylym edaralary, ähli amatlyklary bolan kaşaň ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň dünýäde «Aziýanyň merjeni» adyna mynasyp bolmagy biziň her birimizi buýsandyrýar, guwandyrýar. Toýlary toýa ulaşyp, şöhrat-şany alyslara ýaýylýan ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri bu gün iri halkara derejedäki syýasy-ykdysady forumlaryňdyr maslahatlaryň, medeni, sport çäreleriniň we ylmy konferensiýalaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda baş şäherimizde Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň we Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi hem Watanymyzyň sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirýän ýurt hökmünde uly abraýa eýedigine şaýatlyk edýär.

Ýur­duň al­tyn gaz­na­sy

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurduň altyn gaznasy bolan telekeçiler üçin döredilýän giň mümkinçilikler milli ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar. Berkarar döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda guralan sergi ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň öz datly miwelerini eçilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. «Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris» diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň sergä we birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalýar.

Aşgabat — gözelligiň şäheri

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözellik babatda diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýäde aýratyn orny eýeleýär. Gojaman Köpetdagyň belent gerişlerinden ajaýyp şäherimize nazaryňy aýlasaň, oklaw ýaly göni köçeleriň ýan taraplarynda biri-birine örän sazlaşykly gurlan belent ymaratlar derrew gözüňe kaklyşýar. Şol kaşaň jaýlaryň kuýaş nuruna ajaýyp öwüşgin berýän mermer örtügi paýtagtymyzy has-da gözel görkezýär. Güneşli ýurduň merjen şäheri Aşgabat täze köşkleriň we ymaratlaryň, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlar toplumynyň sazlaşygynda binagärlik muzeýini ýatladýar. Türkmen paýtagty dünýäniň derwaýys meseleleriniň, hususan-da, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň, dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň halkara derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýan, ygtybarly çözgütleriň kabul edilýän merkezine öwrüldi. Aşgabat döwletimiziň we jemgyýetimiziň göz-guwanjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen barha gözelleşýän ak şäherimiz ýurdumyzyň beýik ösüşlerini şöhlelendirýär.

Daşky gurşawyň goragy - abadan durmuşyň möhüm şerti

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň umumadamzat bähbidine gönükdirilen ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilýär we Bitarap döwletimiziň bu ugurda halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýar. Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, ýurdumyzda hem-de sebit derejesinde ekologiýa degişli BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, we taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär. Ilatyň ekologiýa baradaky düşünjesini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak boýunça täze kanunlaryň toplumy kabul edildi. «Türkmenistanyň Milli tokaý Maksatnamasy», ekologiýa degişli beýleki iri möçberli maksatnamalar tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. 2018-nji ýylda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly portdur. Guşlary goramakda möhüm ähmiýeti bolan adanyň deňiz derejesinden pesde ýerleşýän dünýäde iň uly emeli ada hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi, sebitde guşlaryň köpdürlüligini gorap saklamak üçin şertleriň döredilendigi hem-de olary goramak boýunça taslama üçin Maks Plankyň Orni

Alkyşlar — dillerde sena

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda hususy işewürleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Milli ykdysadyýet ösüşleriň ýolunda» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Işjeň häsiýetde geçen çärede höwes bildirýän ýaşlary telekeçilige çekmekde we ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmekde, halkara bazarlarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde alnyp  barylýan işlerde telekeçileriň öňünde uly wezipeleriň durýandygy barada gürrüň edildi. Şeýle-de, golaýda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi we şol gazna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy bilen baglanyşykly buýsançly sözler çykyşlaryň özenini düzdi. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy nygtaldy. Halkymyz, esasan hem, ýaşlar barada atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri wagyz-nesihat çäresinde öwran-öwran aýdyldy.

Agzybirlikli zähmetiň miwesi

Tebigy ojaklary senagat taýdan özleşdirmekde alnyp barylýan işlere «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki Suw üpjünçilik müdirliginiň zähmet topary mynasyp goşant goşýar. Müdirlik döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny zerur bolan önümçilik hem-de agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri müdirlik tarapyndan sarp edijilere ýetirilen suwuň 959 müň kub metrden geçmegi muňa şaýatlyk edýär. Bu döwürde taýýarlanan agyz suwunyň möçberi 644 müň kub metrden geçdi. Şonuň 549 müň kub metrden gowragy Ýasga ýerasty kölünden alnan agyz suwudyr. Arassa agyz suwuny öndürmekde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesinde gurlan deňiz suwuny süýjediji desgalar toplumynda hem zerur işler alnyp barylýar. Ýylyň başyndan bäri bu toplumda arassalanan agyz suwunyň mukdary 95 müň kub metrden geçdi. Munuň özi nebitçilerdir gazçylaryň mekany bolan sebitiň ilatly nokatlaryny agyz suwy bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. 

Durnukly ösüş ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkara derejesinde möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürýär. Parahatçylygy döredýän ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolýar. Uzak möhlete niýetlenen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk esaslary döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi. Bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Şu döwürde mukaddes Garaşsyzlygyna daýanýan döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklary, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däpleri dikeldildi.

Binalary gözel görkli Diýarym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryna barýar. Mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu şanly seneler mynasybetli, 12-nji aprelde paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň, 14-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň açylyş dabaralary boldy. Şonuň ýaly-da, düýn paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi boldy. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanyldy we bu mejlisde mähriban Arkadagymyz taryhy söz sözledi. «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň täze binasynda döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy bar. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde müşderileriň 250-den gowragyny kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler. Döwlet täjirçilik bankynyň ilkinji döredilen wagtyndan başlap, bu ýerde milli we daşary ýurt pullarynda goýumlary kabul etmek, gymmatly kagyzlar bazarynda amallary, uzak möhletleýin karz bermek hem-de pul geçirimleri we hasaplaşyklary geçirilýär. Häzir «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň g

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiden hat gelip gowuşdy. Onda: «Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek hem-de giňeltmek isleginden ugur almak bilen, jenap Wiktor Maýkony Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Ony mähirli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan ýa-da Ukrainanyň Hökümetiniň tabşyrygy boýunça aýtjak ähli sözlerine ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin» diýlip nygtalýar.

Täzelikler

Welaýatymyzyň maldarlary ene goýunlardan guzy almak baradaky tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan üstünlikde pellehana ilkinji üçlükde gelen Çärjew etrabynyň «Serdar», Köýtendag etrabynyň «Dagly», Halaç etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynyň goşantlary uly boldy. Hormatly Prezidentimiziň maldarçylygy döwrebap ösdürmek, dowarlaryň sanyny artdyrmak, olardan alynýan önümleriň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmak barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge tutanýerli goşant goşýan çopanlar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şu möwsüminde ene mallardan 76635 owlak-guzynyň deregine 76865 owlak-guzy almagyň hötdesinden geldiler. Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda dowarlar öri meýdanlarynda bakylyp, olaryň kadaly idedilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekilýär.

Ygrarlylyk zandyndadyr türkmeniň

Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginde «parahatçylyk» we «ynam» sözleri örän uly orny eýeleýär. Muny biz hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Döwlet guşy» we «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» eserlerinde aýdyň görýäris. Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanynyň bölümleriniň «Ynam — güýç», «Ynam — söýgi» we «Ynam — ganat» diýlip atlandyrylmagy hem her bir zadyň düýp özeninde beýik ynamyň durýandygyny görkezýär. Eserdäki: «Ynam — ynsana güýç berip duran gudrat ahyry!» diýen jümle bolsa her bir okyjynyň etjek işine, durmuşda öz ornuny tapmagyna uly ynamy döredýär. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi Bitarap daşary syýasat derejesine eýe bolan Garaşsyz döwletiň Baştutanynyň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapdy. Häzirkizaman halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmak ugruny saýlap alan döwletimiziň dünýä arenasyndaky abraý-mertebesi hem Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alýan taglymatyň esasynda kemal tapýar.

Bagtyň we bagtyýarlygyň nyşany

Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýen kitabynda ýazyşy ýaly, türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar. Ýyndam bedewini dünýäni görmek, bilmek höwesinde özüne ýakyn dost edinen ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Şeýle goşantlaryň biri-de bedewimizdir. Dünýä medeniýetiniň mirasynyň sanawynda bedewimiziň baş orny bar. Ahalteke atlary döräninden bäri dünýäni haýrana goýup gelýär. Bu bolsa biziň milli guwanjymyzdyr. Türkmen bedewi — çäksiz söýgä we hormata mynasyp jandar. Bedew türkmen topragynda üstünlikli amala aşyrylýan özgerişlikleriň badyna bat goşýar. Türkmeniň aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy ýaly döreden maddy gymmatlyklarynyň il-ýurt mertebesine şindi hem mertebe goşýandygynda pederleriň ýalkawy bar. Halkymyz bedewini ýürekdeş hökmünde sylaýar. Sebäbi ol bedewi bilen doglup-döräli bäri hemsyrdaş bolup gelýär. Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasy bolupdyr. Hut şonuň üçinem biz bedewlerimizi ösüşiň hem-de bagtyň alamaty hasap edýäris.