«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň umumadamzat bähbidine gönükdirilen ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilýär we Bitarap döwletimiziň bu ugurda halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýar. Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, ýurdumyzda hem-de sebit derejesinde ekologiýa degişli BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, we taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär. Ilatyň ekologiýa baradaky düşünjesini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak boýunça täze kanunlaryň toplumy kabul edildi. «Türkmenistanyň Milli tokaý Maksatnamasy», ekologiýa degişli beýleki iri möçberli maksatnamalar tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.
2018-nji ýylda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly portdur. Guşlary goramakda möhüm ähmiýeti bolan adanyň deňiz derejesinden pesde ýerleşýän dünýäde iň uly emeli ada hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi, sebitde guşlaryň köpdürlüligini gorap saklamak üçin şertleriň döredilendigi hem-de olary goramak boýunça taslama üçin Maks Plankyň Ornitologiýa institutynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tebigaty goramak boýunça edýän tagallalaryna hoşallygyň nyşany hökmünde Awstriýanyň Ornitologiýa merkeziniň degişli sertifikatynyň gowşurylmagy halkymyzda çäksiz buýsanç döretdi. Munuň özi täze taryhy döwürde daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipeleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hazarda döredilen emeli adanyň 170 gektar meýdany eýelemek bilen, guşlaryň ýüzlerçe müňüsiniň bu ýerde mekan tutmagy we iýmitlenmegi üçin möhüm amatlyklary özünde jemleýändigi hem örän guwandyryjydyr. Çünki bu emeli ada ajaýyp tebigy gözelligi bilen syýahatçylarda hem uly gyzyklanma döredýär. Gojaman Hazaryň nebitiň, gazyň, ýoduň, bromuň baý goruna we başga-da birnäçe tebigy baýlyklara we deňiz balyklaryna eýedigi aýratyn ünsi çekijidir.