Ýur­duň al­tyn gaz­na­sy

15 Aprel 2021
1393

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurduň altyn gaznasy bolan telekeçiler üçin döredilýän giň mümkinçilikler milli ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda guralan sergi ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň öz datly miwelerini eçilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. «Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris» diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň sergä we birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalýar.

Akmaýa ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.