"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Baýramçylyk dabarasy dag aşdy

Güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň baýramçylygy biziň welaýatymyzda-da giňden bellenilip geçildi. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslendi. Munuň özi Watan üçin şirin janlaryny gurban eden gahrymanlarymyza, tylda gije-gündiz tutanýerli zähmet çeken ildeşlerimize goýlan belent sarpa boldy. Şeýle baýramçylyk çäreleriniň biri Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda-da şatlyk-şagalaňa beslendi. Toý lybasynda bezelen meýdançada medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Aýdymçy-sazandalaryň şirin owazly aýdym-sazlary alyslara aşsa, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şowhun-şatlygyny artdyrdy. Dabaraly çärede ata Watan, Garaşsyzlyk, Beýik Ýeňşiň guwançly waspy aýdym-sazlaryň belent owazy bilen ýetirildi. Bu dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Täsirli geçen çäre

Golaýda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes geňeşliginiň Gara oba medeniýet öýünde Ýeňiş güni mynasybetli “Beýik Ýeňşe öwren şol geçen urşy, gerçeklerim – Milli Gahrymanlarym” atly dabaraly çäre geçirildi. Aýdym-sazly çäre etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Dabaraly çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, işjeň agzalary, etrap bilim bölüminiň işgärleri, mugallymlar, etrabyň saglyk ulgamynyň, etrap medeniýet bölüminiň şeýle hem dürli pudaklaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimizi, uruş weteranlaryny, tylda galyp zähmet çekenlerimizi, urşuň yzynda galyp ýar ojagyny saklap oturan kümüş saçly enelerimizi, bütin türkmen halkymyzy Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen gyzgyn gutladylar. Uruş döwrüniň ajysyny gören ýaşuly nesillerimiziň beren gürrüňleri dabara gatnaşýanlary özüne çekdi.

Ak şäherim Aşgabat

Ak mermerden binalaryň hatary, Haýran edýär bütin älem-jahany,

Taryhy waka golaý gelýär

Şahyrlaryň goşgularynda, aýdymçylaryň şirin aýdym-sazlarynda waspy ýetirilen we ýetirilýän ak şäherimizi bu gün görmäge göz gerek. Hut şonuň üçinem gözel paýtagtymyzyň dabarasy: Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat,

Ajap menzillere barýan Aşgabat

Ylmyň dünýäsine ýaňy gadam basan ýaş ýigit ylym ägirtleriniň birini özüne halypa tutunýar. Ol halypa şägirdi boljak ýigidiň dünýägaraýşyny barlap görmek üçin sorag berýär: — Dünýäniň ýüzünde iň bagtyýar halk diýip nähili halky mysal getirse bolar?

140 ýaşly paýtagtym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, agzybirligiň, sagdynlygyň ýurduna öwrüldi. Munuň şeýledigini ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ählisinde görmek bolýar. Asmanda ak kepderiniň ganat ýaýyp uçmagy parahatçylygyň, asudalygyň nyşany. Şeýle asuda agzybir ýurdumyzda toýdur baýramlar ýylyň- -ýylyna artýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen yglan edilen Aşgabat şäheriniň güni hem her ýylyň 25-nji maýynda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ak şäherimiz Aşgabat şu ýyl 140 ýaşyny belleýär. Gözel paýtagtymyz bu günki gün ýurdumyzyň ýüregi hökmünde durmuş-ykdysady düzümleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Täze-täze ymaratlar, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, dürli okuw binalary paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar.

Eziz diýar toýa barýar

Dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulan ata Watanymyzda bagtyýar halkymyz üçin şanly baýramymyz bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň baýramy welaýatymyzyň ähli ýerinde aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň, erkanalygyň şuglasynyň nyşany bolan mukaddeslikler biz — ýaşlarda Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Çünki, eziz Diýarymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň, erkanalygynyň, bagtyýarlygynyň alamaty bolan ýaşyl Baýdagymyz asuda asmanda pasyrdaýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda Konstitusiýamyz hem-de Baýdagymyz halkymyzyň söýgüsi, milli buýsanjydyr. Pederlerimiziň paýhasyndan dörän, ruhy siňen Baýdagynyň ýaşyl reňki türkmeniň gözel tebigatyny, gül-pürçüge beslenen eziz Diýarymyzy beýan edýär. Türkmen halkynyň buýsanjy nyşany bolan Döwlet baýdagymyz arassa asmanda, baky abadançylygyň bolup parlaýar.

Garaşsyzlyk parahatlyk ýalkymy, goý, ýaňlansyn bagtyýarlyk aýdymy

Golaýda Wekilbazar etrap medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň guramagynda mekdebiň hasabat konserti geçirildi. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda geçirilen bu hasabat konserti “Garaşsyzlyk parahatlyk ýalkymy, Goý, ýaňlansyn bagtyýarlyk aýdymy” diýlip atlandyryldy. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu hasabat konserti ýokarda ady agzalan mekdebiň talyp ýaşlarynyň ýürek joşgunlaryny açyp görkezdi. Dabaraly konsertiň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdym-sazlary bilen bir hatarda Garaşsyzlygymyzyň hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň waspy belentden ýaňlandy. Şeýle hem häzirki ýazyjy-şahyrlaryň sözlerine döredilen şirin aýdymlar bilen kompozitorlaryň döreden joşgunly sazlary konserte aýratyn öwüşgin çaýmak bilen kalplary ganatlandyrdy. Dutarçylar toparynyň çalan türkmen halk sazlary, şeýle hem fortepianoçylardyr skripkaçylaryň ruhubelentlik bilen çalan şirin sazlary hasabat konsertiniň özboluşly bezegine öwrüldi.

Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

AŞGABAT, 8-nji maý (TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy. Şu gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Merjen şäheriň tarypy

Öňňin paýtagtymyzda ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna özboluşly sowgat bolan bu eser her bir türkmenistanlyda buýsanç duýgusyny döretdi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek sözlerini ýazga geçirdik. Döwletgeldi ANNAMYRADOW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy:

Köpçülikleýin ekologik çäreler Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr

Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler. Ekologik abadançylyk baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr.

Aşgabat şäheriniň hormatly ýaşaýjylary we myhmanlary!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toýlar toýlara ulaşýar. Häzirki wagtda barha ösýän we özgerýän paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görmek we ony dabaraly belläp geçmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär.

Aşgabat — Watanymyzyň ýüregi

Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyz häzirki döwürde sport, medeni we ylym-bilim merkezi hökmünde depginli ösýär. Binagärlik-gurluşyk babatda tanalmaz derejede özgerýär» diýip belleýär hem-de merjen şäherimiziň has-da özgermegi babatynda nusgalyk tagalla edýär. Milli Liderimiziň bu babatdaky tagallalaryna Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygyna barýan häzirki günlerimizde has anyk göz ýetirýäris. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň, Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň kaşaň binalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi şanly ýylymyzda baş şäherimiziň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň, tutuş halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp waka boldy. Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan ak şäherimiziň — Aşgabadyň şanly toýuna gabatlanyp, paýtagtymyzda häzirki zaman binagärlikdäki öňdebaryjy tejribeleri we milli binagärlik sungatynyň ajaýyp öwüşginlerini özünde jemleýän täze binalaryň ýene-de birnäçesiniň açyljakdygy has-da begendirýär.

«Galkyp ganat gerdigim, sap söýgüden gurdugym...»

7-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat — Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda

Ýurdumyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabat barada söhbet edilende, ynsanyň ömürboýy hemra edinýän ak arzuwlary ýadyňa düşýär. Şeýle bolmazça-da däl. Çünki ak arzuwlara meňzeş paýtagtymyzyň ähli künjegi ak mermere beslenip oturan belent binalary, suw çüwdürimleri, döwrebap desgalary bilen görenleri haýrana goýýar. Ylaýta-da, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Aşgabat şäheriniň arhitektura — binagärlik gurluşy düýbünden diýen ýaly özgerdildi. Şoňa görä-de, mermer paýtagtymyz dünýäde iň owadan, arassa, ak mermerden bina bolan şäher hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Biz hem 140 ýaşy toýlanýan paýtagt şäherimiziň toýly günleriniň öň ýanynda onuň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren binalarynyň käbirleri dogrusynda gysgaça durup geçmegi makul bildik.

Watan gahrymanlary ýüreklerde ebedidir

Öz döwründe arzuw bilen ýetilen Beýik Ýeňiş akly-gyzylly bägüller bilen garşylanýar. Watançylyk urşunda türkmenistanlylar ynsan erkiniň, güýjüniň ýanbermezligini çydamlylygy, mertligi, gaýduwsyzlygy bilen subut etdiler. Türkmenistandan urşa çagyrylanlaryň ençemesi «Gahryman» diýen belent ada, onlarçasy «Şöhrat» ordenine eýe boldy. Mähriban Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew gahrymançylykly we edermenlikli söweş ýoluny geçdi. Berdimuhamet Annaýewiň türkmen ýigitlerine mahsus beýik adamkärçiligi, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýol-ýörelgelerine eýeren söweş we zähmet ýoly gahrymançylygyň beýik mekdebidir. 2018-nji ýylda Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany bilen, «Edermenligi üçin» diýen medal bilen sylaglanmagy hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda mertlik görkezen ildeşlerimize, uruş weteranlarymyza goýlan beýik sarpadan nyşandyr. 2020-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň bellenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň şahsy maglumaty we söweş ýoluny külterlän 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweş baýdagy ýurdumyza getirildi. Ýeňiş gününe bagyşlanan harby ýörişde baýdagyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu ilhalar ynsanyň durmuş hem-de zähmet ýoly biziň her birimiz, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň, maksadaokgunlylygyň, pederleriň ýol-ýörelgelerine ygrarlylyg

Beýik Ýeňşiň dabaralary

Ýurdumyzda her ýylyň 9-njy maýynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni dabaraly bellenilip geçilýär. Çünki merdana, watansöýüji türkmen halkynyň bu şöhratly Ýeňşiň gazanylmagynda goşan goşandy örän uludyr. Munuň özi ata-babalarymyzyň merdanalygyny, batyrlygyny, watansöýüjiligini aýdyň beýan edýär. Şeýle hem pähimdar pederlerimiziň dost-doganlyga, parahatçylyga belent sarpa goýýandyklaryny aýratyn bellemek gerekdir. Şeýle gymmatlyklary sarpalaýan we Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşan ata-babalarymyza çuňňur buýsanýarys, olaryň öňünde baş egýäris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň halkyna we uruş weteranlaryna iberen Gutlagynda hem örän buýsançly sözler aýdylýar: «Ýeňiş güni mynasybetli, uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna sowgatlary gowşurýarys. Kalbymyzy şatlyk-joşguna, ruhubelentlige besleýän bu çäreler ýurdumyzda her bir adamyň döwlet tarapyndan uly alada bilen gurşalyp alnandygyny, mertebesiniň belentdigini aýdyňlygy bilen ykrar edýär».

Ak şäheriň belent waspy

Geçen anna günki sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijelerine bagyşlanan mejlisinde Gahryman Arkadagymyz bagtyýar halkymyza ýene-de bir şatlykly habary ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy. Şeýle hem eziz Watanymyzyň ýüregi bolan mermer paýtagtymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň at-abraýyny hem-de dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdigini, ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriň biridigini, paýtagtymyzyň keşbiniň diňe bir tebigy baýlyklarynyň köp görnüşli bolmagy bilen däl-de, eýsem, döwürleriň köpdürlüligi bilen hem sazlaşykly utgaşýandygyny milli Liderimiz paýhasly belledi. Aşgabat taryhy geçmişiň merkezidir. Biz onuň taryhyna, şanly geçmişine hormat goýýarys. Ýazuw çeşmelerinde paýtagtymyzyň 140 ýyllyk taryhy baradaky maglumatlar saklanyp galypdyr, ýöne Köpetdagyň çeşmelerinden suwarylan bu toprakda ýaşaýşyň has irki döwürlerde hem bolandygy gürrüňsizdir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şeýle hem gözel şäherimiziň milli öwüşginli taryhy, medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalaryny döretmek ugrunda köp tagallalary edýändigimizi we serişde gönükdirýändigimizi aýtdy. Merjen paýtagtymyzyň 140 ýylyň dowamynd

Gözellige beslenýän Aşgabat

Gözellige beslenýän paýtagtymyz ajaýyp köşkleri, belent binalary, desgalary bilen eziz Diýarymyzyň ykdysady ösüşiniň, gurluşyk pudagynyň ýeten beýik derejesiniň nusgasy hökmünde öňdebaryjy üstünlikleri we asyrlarboýy dowam eden milli binagärligiň däplerini özünde jemleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dünýä belli gözel Aşgabat biziň her birimiziň iň söýgüli şäherimize öwrülip, gün-günden gülläp ösýär. Zeminiň iň owadan şäherlerine mahsus bolan binagärlik sungatynyň döwrebap we kämil aýratynlyklaryny, halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýan täsin binagärlik medeniýetini özünde jemleýän ak mermerli paýtagtymyz gözelligiň hem ajaýyplygyň şäherine öwrüldi. Aşgabat diňe gözelligiň we ajaýyplygyň däl, eýsem, bagtyýarlygyň hem merjen şäheridir. Dünýäniň çar künjeginden gelen syýahatçylaryň, ozaly bilen, ýurdumyzda bolýan bedew batly ösüş-özgerişlere, hususan-da, baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalara, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Şeýle hem ýylyň ähli döwürlerinde gije-gündiz işläp duran suw çüwdürimleriniň owadan görnüşleri paýtagtymyzyň bezeg aýratynlyklarynyň naýbaşysydyr. Agşamlaryna suw çüwdürimlerine düşýän yşyklar paýtagtymyzyň owadan keşbine has-da gözellik çaýýar. Şonda milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan, nusgalyk yhlasyndan

Uruş weteranlaryna sowgatlar gowşuryldy

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ýurt goragynda edermenlik görkezip wepat bolan gerçekleriň ady ýüreklerde baky ýaşaýar. Uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çeken adamlaryň sarpasy belent tutulýar. Hazar şäheriniň ýaşaýjysy, 95 ýaşly Ildar Wahitow hem şol ýowuz urşa gatnaşyp, Beýik Ýeňşiň gözli şaýady bolan uruş weteranlarynyň biri. Ýeňşiň öň ýanyndaky günlerde Hazar şäher häkimliginiň, şäher harby wekilliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri uruş weteranynyň öýüne baryp, ony baýramçylyk bilen gutladylar hem-de oňa hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgady gowşurdylar.