«BIR NAHAL EKSEŇ, ÝAŞYŇ BAKY»

31 Mart 2023
1134

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, täze taryhy eýýamda Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekişligine, öňden bar bolan baglara ideg etmek çäresine badalga berilýär. Şonuň netijesinde, her ýyl miweli, saýaly, pürli bag nahallarynyň millionlarçasy ekilip, tokaý zolaklary döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň, Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek syýasatynyň netijesinde, mähriban Diýarymyzyň tebigaty ýyl-ýyldan gözelleşýär.

Köpçülikleýin bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýaramaz täsirlere garşy göreşmek boýunça bütindünýä çäresine işjeň goşulmakdyr. Çünki ekilýän baglar kömürturşy gazyny özüne siňdirip, ynsan saglygy üçin zerur bolan kislorody bölüp çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşyp, eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine goşant goşmak biziň her birimiz üçin, ylaýta-da, ýaşlar üçin uly bagtdyr.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň baş redaktorynyň w.w.ý.ý.