Daşky gurşawy goramak we ekologiýa diplomatiýasy

17 Iýun 2022
1414

Bütindünýä daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän ýylda bellenilmegi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy bilen baglanyşyklykda hem wajypdyr. Tebigaty goramak ulgamynda derwaýys meseleleri çözmekde, Merkezi Aziýa sebitinde bolşy ýaly, tutuş dünýäde-de, ekologiýa maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek bu strategiýanyň ähmiýetli ugrudyr. Şu mynasybetli, Oba hojalyk toplumynda «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty – durnukly ösüşiň we ýaşyl ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Plenar mejlisdäki çykyşlarda güneşli ülkämizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini goramak, ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan köp ugurly işler hemmetaraplaýyn beýan edildi. Ählihalk bag ekmek çäreleri barada hem bellenilip geçildi.

Maslahat sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenleriň hem goşulmagynda «Daşky gurşawy goramak ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary» bölümi bilen dowam etdi. Häzir Türkmenistan bu ulgamda onlarça ekologiýa konwensiýalaryny hem-de halkara ylalaşyklary tassyklady. Bu netijeli hyzmatdaşlyk özüne täze gatnaşyjylary jemlemek bilen, has-da belent sepgitlere ýetýär. Oba hojalyk toplumynyň binasynda guralan sergi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda gazanan üstünliklerini açyp görkezdi. Sergide Türkmenistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen ähli giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we ekologiýa taslamalaryň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna aýratyn hormatly orun berildi.